SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

7-nji dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. 

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz!Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Günlük täleýnama bilen gyzyklanýan saýtymyzyň hormatly okyjylary üçin, 7-nji dekabrdaky ýyldyzlaryňyza görä täleýnamaňyzy hödürleýäris.

Bellemeli zat, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Bu gün meýilnamalaryňyzy durmuşa geçirmek size kyn düşer. Hatda töwekgelçilik edibem bilersiňiz, ýöne beýle etmekden saklanyň. Bu gün size uly, girdejili işe başlamak maslahat berilýär. Siziň geçirimliligiňiz we rahatlygyňyz ýakyn adamyňyz bilen gatnaşykda asudalygy döreder.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Şu gün size durmuşyň köp ugurlaryndaky şowsuzlyklar garaşýar. Ýagdaýa çynlakaý baha beriň, dogry dünýägaraýyş döretmäge synanyşyň. Hünär meselelerine aşa üns bermäň. Aýry-aýry işleri, halaýan zatlaryňyzy etmek has peýdalydyr. Maşgala gatnaşyklarynda araňyzyň daşlaşmagy, özüňizi alyp barşyňyzy we garaýşyňyzy täzeden gözden geçirmegi talap edýär.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Durmuş potensialyňyz adatdakysyndan birneme ýokary bolar. Şol sebäpli işiňizde has tijenersiňiz. Täze jogapkärçiliklere ynanylarsyňyz. Häzirki wagtda işewürlikde töwekgelçilik we ynamlylyk size girdeji getirer. Siziň şähdaçyklygyňyza gowy täsir etjek wakalar bolar.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Bu gün täze tanyşlyk we işjeň aragatnaşyk gurmak üçin amatly däl. Garaýşyňyzy ösdürip, dünýä täzeçe seredip bilmersiňiz. Daş-töweregiňizdäkiler bilen gatnaşykda henizem kynçylyklara duş gelmegiňiz ähtimal. Wakalaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi sizden seresaplylygy we deňagramlylygy talap eder.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Günüň birinji ýarymy maliýe kynçylyklary bilen baglanyşykly bolar. Indi esasy zada ünsi jemlemek, arzuwdyr-hyýallaryňyzy hakykata öwürmek möhümdir. Özüňizde täzeçillige bolan islegi oýararsyňyz. Ähli zatlara seresap, paýhasly gararsyňyz. Netijede, günortan maddy taýdan üstünlik gazanmak ähtimallygy ýokary bolar.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Bu gün duýgularyňyz adatdan daşary ýitelip biler. Duýgurlygyňyz, öňdengörüjiligiňiz artar. Bu günki potensialyňyz ajaýyp – ýakyn geljekdäki wakalary çaklap bilersiňiz, zatlaryň ýagdaýyny we manysyny dogry kesgitläp bilersiňiz. Kömek üçin size ýüz tutulmagy ähtimal. Siz ret edip bilmersiňiz. Bu gün halaýan zadyňyzy etmek bilen ýüze çykan dartgynlygy aradan aýyryp bilersiňiz.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Garaşylmadyk wakalar siziň peýdaňyza bolmaz. Näme bolýandygyna garamazdan, özüňizi dolandyrmaga we howlukmaç, gyssagly karar bermezlige synanyşyň. Ýagdaýyňyzyň durnuklylygyny goramak üçin birneme tagalla etmeli bolarsyňyz. Wagtynda dogry tarapa ugrukmasaňyz ýa-da passiw bolsaňyz, özüňizi ejiz we başga biriniň islegine tabyn edersiňiz.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Gowy keýp we işlemek islegi siziň özüňizeçekijiligiňize goşant goşar we täze tanyşlyklary gazandyrar. Pikirleriňizi dostlaryňyza we işdeş kärdeşleriňize paýlaşmazlyk maslahat berilýär. Bu gün, şahsy durmuşyňyzy gowulaşdyrmak üçin ähli mümkinçiliklerden peýdalanyň.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Daş-töweregiňizdäki adamlaryň hereketleri öňünden aýdyp bolmajak, hyjuwly bolar. Daşarky durmuşdaky wakalar sizden gorkmazlygy we erjelligi talap eder. Öňem kyn ýagdaýy çylşyrymlaşdyryp biljek netijelere garamazdan, bigünäligiňizi goramaga taýyn bolarsyňyz. Işleriň gerimini giňeltmeli däl, möhüm kararlar bermeli däl; hemme zat gowy netije bermez. Saglygyňyza aýratyn üns bermek zerurdyr.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Bu gün çäreleri meýilleşdirmek we öz ýagdaýyňyza baha bermek üçin amatly. Daş-töweregiňizdäkilere mähirli we mylaýym bolmaga synanyşyň. Paýhaslylygy we çydamlylygy görkeziň. Hereketiňiz, janly we paýhasly pikiriňiz, söhbetdeşiňiz bilen gatnaşykda has-ta täsirlilige ýetirer. Bu gün girdejili iş barada şertnamalar bolup biler. Günüňizi saglygyňyzy berkitmek üçin bagyşlaň.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Bu gün durmuşynyzda zerur karar bermeli bolarsyňyz. Diňe özüňize bil baglaň, hyzmatdaşlara aşa bil baglamajak boluň we ýakynlaryňyzdan kömege garaşmaň. Bularyň hemmesi diňe esasy işiňize päsgel berer we gereksiz gahar-gazaba sebäp bolar. Şahsy meseleleri çözüp bilersiňiz. Ýöne durmuşyňyzdaky arzuwlaryňyzyň hasyl bolmajakdygy baradaky duýgy birneme lapykeçlik getirer. Ýoldaşynyz bilen gatnaşygyňyzda hemme zat isleýşiňiz ýaly bolmaz. Çünki siziň talaplaryňyz gaty ýokary.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Nika baglaşmak, täze tanyşlyklary açmak üçin amatly gün. Uly söwdalar şowly bolup biler. Bu gün özüňizi  ähli islegleriňiz amala aşýan ýaly, her kimiň siziň islegleriňizi durmuşa geçirmek üçin jan edýän ýaly duýarsynyz. Işde we öýde özara düşünişmeklikler bolar.

Türkmen türgenleri dünýä çempionatyna gatnaşýar

 

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama