JEMGYÝET

Prezident Ärdogan: YHG-niň söwda dolanyşygyny 100 milliard dollara çykarmalydyrys

Paýtagtymyz Aşgabatda dowam edýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň çäklerinde bu guramanyň 14-nji sammitiniň ýolbaşçysy hökmünde Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana söz berildi.

Bu sammite başlyklyk edýän hormatly Prezidentimiz sammitiň çäklerinde energetika, söwda-ykdysady, ulag-üstaşyr we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belledi.

Soňra milli Liderimiz Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana söz berdi. Prezident Ärdogan öz çykyşynda bu sammiti ýokary derejedäki sammiti gurnandygy üçin Türkmenistanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň Prezidentlerini Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy bilen gutlan Ärdogan YHG-niň çäklerinde guramaga gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 100 milliard dollara ýetirilmeginiň möhüm bolup durýandygyny belledi.

Guramanyň çäklerinde söwda-ykdysady, energetika, ulag-üstaşyr ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ýygjamlaşdyrylmagynyň möhümdigini bellän Ärdogan umuman, ulag-üstaşyr geçelgeleriniň güýçlendirmeginiň ähmiýetiniň uludygyny belledi.

OWGANYSTANA KÖMEK BERMEK ZERURDYR

Prezident Ärdogan öz çykyşynda Owganystan meselesine hem durup geçdi. Ol bu babatda uly kynçylyklayr başdan geçirýän Owganystana ynsanperwer kömegini bermegiň zerurdygyny belläp, bu ýurtda parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin tagallalaryň edilmelidigini belledi.

Mundan başga-da, Ärdogan Owganystandan daşary ýurtlara bosgunlaryň gitmeginiň öňüni almak maksady bilen degişli çäreleriň görülmelidigini belledi.

TÜRK SANJYMY BARADA…

Prezident Ärdogan Türkiýe Respublikasy tarapyndan işlenip düzülen koronawirus ýokanjyna garşy sanjymda soňky tapgyra gelnendigini belledi. Umuman, koronawirus ýokanjy döwründe dünýäniň ençeme ýurduna ynsanperwer kömekleriniň ugradandyklaryny bellän Ärdogan bu barada hyzmatdaşlygyň ýygjamlaşdyrymagynyň möhümdigini belledi.

 

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti başlady

Ýene-de okaň

Eswatininiň Patyşasy Mswati III Türkmenbaşa geldi

Ata Watan Eserleri

Nepalyň Premýer-ministri Türkmenistana geler

“Makul habar”: şu gezekki sany BMG-niň Awaza forumyna bagyşlandy

Ata Watan Eserleri

Gazagystanyň Prezidenti BMG-niň Awaza forumyna gatnaşar

BMG-niň Awaza forumy: dünýäniň ünsi Awazada jemlener

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

Ata Watan Eserleri