MEDENIÝET

«Medeniýet we syýahat» žurnaly döredilýär

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler hem-de «Medeniýet we syýahat» žurnalyny döretmek hakynda» Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Täze neşir bu ulgamlarda gazanylýan üstünlikleri tutuş dünýäde giňden beýan etmek we mahabatlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine degişli bolan «Medeniýet» we «Syýahat» žurnallarynyň binýadynda döredilýär. Žurnaly üç aýda bir gezek türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir etmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen taryhyna hem-de medeniýetine, ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerine, syýahatçylyk mümkinçiliklerine uly gyzyklanma bildirýänler üçin niýetlenen «Medeniýet we syýahat» žurnalynyň döredilmeginiň örän wajypdygyny belläp, täze neşiriň, ilkinji nobatda bolsa, onda çap edilýän makalalaryň ýokary hilini üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady.

Milli Liderimiz žurnalyň makalalarynyň biziň eýýamymyzyň belent ruhuny, döredijilikli başlangyçlaryny beýan etmelidigini aýdyp, täze neşiri döretmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz «Medeniýet we syýahat» žurnalyny döretmek hakynda» Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we resminamanyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek babatda degişli görkezmeleri berdi.

 

Türkmen-gyrgyz toparynyň mejlisi geçiriler

Ýene-de okaň

Moskwada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

Aşgabat we Arkadag şäherlerinde Azerbaýjanyň Medeniýet günleri geçiriler

Bedewleriň halkara çäreleri üçin döwlet topary döredildi

Iýun aýy: Azerbaýjanyň medeniýet günleri we beýleki halkara günler

Türkmen halysynyň baýramy giňden bellener

Türkmenistan Ermenistanda 5-nji Halkara senetçilik festiwalyna gatnaşdy