BILIM

6 ýaşly çagalara häsiýetnama

Alty ýaşdan mekdebe gadam basýan körpe nesillere bilim we terbiýe bermek, olaryň okuw işini dogry guramak ýokary derejedäki taýýarlygy talap edýär. Bu babatda ýurdumyzda köp işler amala aşyrylýar. Şu ýaşdaky çagalaryň özboluşly ösüş aýratynlyklary barada käbir maglumatlar bilen tanyşmak zerurdyr. Belli pedagog Ş.A.Amonaşwili alty ýaşly çagalary «çagalar döwletiniň aýratyn bir halky» diýip atlandyrýar. Bilermeniň belleýşine görä, mugallymlar, terbiýeçiler okuw-terbiýeçilik işinde şol «aýratyn halk» bilen işlemegiň birnäçe taraplaryny göz öňünde tutmaly. Ol şeýle çagalar bilen alnyp barylýan işlerde ýüze çykýan meseleleri düýpli öwrenmegi, partada beýleki çagalardan, hususan-da, ýedi ýaşlylardan tapawutly çagalaryň oturandygyny nazarlap, olar bilen başgaça işlemegi, bu işde öz pedagogik ornuňy kesgitläp, şoňa laýyklykda hem zerur bolan bilim we terbiýe bermegiň ýollaryny saýlamagy maslahat berýär. Bilermen-pedagog alty ýaşly çagalar bilen guralýan okuw-terbiýeçilik işlerinde olar bilen dogry aragatnaşygy ýola goýmaklygy iň wajyp mesele hasaplaýar. Ýokarda agzalýan meseleleri çözmek, okuw işini alty ýaşlylar bilen pedagogiki talaplaralaýyk guramak, tutuş pedagogik toparyň, hususan-da, alty ýaşlylar bilen işleýän mugallymyň paýyna düşýär. Eýsem, alty ýaşly okuwçylara bilim we terbiýe berýän mugallymda haýsy sypatlar jemlenmeli? Bu babatda Ş.A.Amonaşwili   şularygörkezýär:

1. Mugallymlaryň kalby mähirden doly bolup, olar okuwa gelen körpejeleri öz bolşuna görä kabul etmegi başarmaly. Mugallym
şol çagalaryň tertiplisini we garagolyny, ukyplysyny we gowşagyny,
işjeňini we ýaltasyny deň söýmeli. Okuwça mähir, söýgi bilen garamaklyk pedagogik işiň esasy hereketlendirijisi bolmalydyr. Mugallymda şeýle sypatyň bolmagy çagalara gödek çemeleşmegiň, mertebesini peseltmegiň, olarda gorky duýgusynyň döremeginiň öňüni alýar. Mähirli, hoşniýetli, çagany çyn ýürekden söýýän mugallymyň ýüzi, köplenç, nurly bolup, okuwçylarda söýgi-hormat döredýär.

2. Mugallym çagalara düşünmegi başarmalydyr. Çaga heniz kiçi bolsa-da, onuň öňünde şol çaga üçin uly aladalar dur. Çagalara düşünmeklik – özüňi olaryň ornunda goýup, duýgularyny hasaba almak, iş-aladalaryny çynlakaý kabul etmek hem-de olaryň pikirlerini diňlemegi başarmakdyr. Olaryň aladalaryna dözümsizlik bilen däl-de, hormat, duýgudaşlyk bilen garamak zerurdyr. Çaga düşünmek, ony öz buýrukdyr talabymyza tabyn etmek däl-de, olaryň şu günki durmuşyna daýanyp, ertirki durmuşynyň şinelerini ösdürmekdir. Çagalara düşünmek kiçijik adama bilim-terbiýe bermegiň ýokary ussatlygyny ele almakdyr.

3. Mugallym ruhubelent (optimist) bolmaly. Pedagogiki işde ýüze çykýan şowsuzlyklar mugallymy ruhdan düşürmeli däl. Käbir mugallymlardan «Men bu okuwçy bilen näme etjegimi bilemok», «Bu okuwçydan hiç zat çykmaz» diýen ýaly sözleri eşitmek bolýar. Optimist mugallym hemişe geljege ynamly garaýar. Ruhubelentlik mugallymdan hemişe döredijilikli işlemegi we gözlegde bolmagy talap edýär.

Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi

 

 

Ýene-de okaň

«Iň eýjejik gyzjagaz – 2025» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

CNPC: Hytaýyň Nebit uniwersiteti üçin kabul edişlik başlandy

Türkmen ýaşlarynyň dykgatyna! Rumyniýa okuw üçin resminamalar kabul edilip başlandy

Türkmen ýaşlary 2025-2026-njy okuw ýylynda Rumyniýa okuwa iberiler

Günorta Florida uniwersitetinde kiberhowpsuzlyk we emeli aň kolleži döredilýär

Türkmen talyplary matematika olimpiadasynda 26 medal gazandy