Beýik Britaniýanyň lýuks awtoulag öndürijisi “Rolls-Royce” dünýäniň iň çalt elektrik uçaryny öndürendigini habar berdi. “Spirit of Innovation”(innowasion ruhy) diýlip atlandyrylýan bu uçar 11 minut dowam eden 3 kilometrlik synag uçuşynda sagatda 620 km-lik iň ýokary tizlige ýetip, täze rekord goýdy.
Elektrikli uçaryň sagatda 220 km tizlik bilen öňki rekordynyň täzeländigi habar berildi.
Dünýädäki iň çalt elektrik uçary hödürlendi. “Rolls-Royce” -iň baş direktory Warren East: “Dünýä COP26 howa sammitinde global ýylylyga garşy çäre görmegiň zerurlygyndan soň, zerur tehnologiki üstünlikleri üpjün etmek baradaky maksatlarymyza ýetmek üçin işlemeli. Elektrikli ulaglar dünýäsinde tizlik rekordyny täzelemek “ACCEL” topary we “Rolls-Royce” üçin uly üstünlik. Hyzmatdaşlarymyza we esasanam “Electroflight” -a bu öňdebaryjy üstünlik gazanmakdaky hyzmatdaşlygy üçin sag bolsun aýdasym gelýär. Şeýle hem bu programma üçin işlenip düzülen ösen batareýa we hereketlendiriji tehnologiýa üçin tolgundyryjy ädim boldy” -diýdi.
“Rolls Royce” uçaryň goşmaça zarýad bilen 30 minutdan gowrak uçup biljekdigini hem habar berdi.“Spirit of Innovation” synag uçuşy 16-njy noýabrda Angliýanyň Goranmak ministrliginiň “Boscombe Down” uçar synag meýdançasynda geçirildi. Uçar “Rolls-Royce” -iň uçuş amallary müdiri Fil O’Dell tarapyndan guruldy we sagatda 620 km tizlige ýetdi. Bu “Siemens” -iň elektron uçary bilen işleýän “Extra 330 LE Aerobatic” -iň 2017-nji ýyldaky rekordyndan 220 km tizlik bilen üstün çykdy.
Maglumatlar tassyklanma üçin dünýä awiasiýa ýazgylaryny barlaýan “Aeronautique Internationale” federasiýasyna iberildi. Uçarda 400 kW kuwwatly elektrik güýji we awiasiýada ýygnanan iň güýçli batareýa toplumy ulanyldy. “Electroflight” we “ACCEL” bilen bilelikde işlemek ýakyn döwürlerde awiasiýa dünýäsinde özüni tanatjak ýaly diýip çaklanylýar. Şeýlelik-de “Rolls-Royce”, “Spirit of Innovation”-nyň 400kW elektrik energiýasy we 6480 öýjügi öz içine alýan güýçli batareýa toplumy bilen işleýändigini düşündirdi. Batareýanyň 7500 smartfona zarýad bermek üçin ýeterlik ulydygy aýdylýar.
O’Dell: ” Spirit of Innovation ajaýyp tizlikde uçmak elektrik ulaglarynda täze sepgit boldy. Ulanylýan tehnologiýamyzyň ýakyn wagtda uçýan taksilere ýol açyp biljekdigine ynanýarys.” –diýip çykyş etdi.