DÜNÝÄ

“Bitcoin City” atly şäher gurlar

Sanly pul hökmünde kabul edilýän bitkoini resmi pul birligi hasaplaýan Salwador “Bitcoin City” atly şäher gurmagy meýilleşdirýär. Bu barada ýurduň Prezidenti Naýib Bukele habar berdi.

Prezidenti Bukele öz ýurdunda gurjak täze şäheri yglan etdi. Şäheriň bahasy 300 müň bitkoin bolar.

Bilşimiz ýaly, Salwador dünýäde bitkoin kriptowalýutasyny resmi walýuta hökmünde kabul eden ilkinji ýurt hökmünde hasaba alyndy.

Bu ýurt bu babatda täze karar kabul etdi. Ol hem kriptowalýuta şäherini gurmakdan ybaratdyr.

Prezident Bukele kriptowalýuta hem-de täze dörediljek şäher barada gurnan dabarasynda eden çykyşynda ýurduň gündogaryndaky Konçagua wulkanynyň töwereginde “Bitcoin City” atly şäheri gurjakdyklaryny habar berdi.

Taslamanyň düýş däldigini aýdýan Bukele hökümetiň “Bitcoin City” şäherine goldaw berjekdigini we maýadarlary çekjekdigini aýtdy. Şeýle hem ol şäheriň gurluşygynyň haçan tamamlanjakdygy barada maglumat bermedik hem bolsa, şäheriň umumy bahasynyň 300 müň bitkoin boljakdygyny mälim etdi.

Ähli zadyň sanly infrastruktura eýe boljak bu şäherinde işewürlik we tehnologiýa maýa goýumlaryny ýeňilleşdirmek üçin ofis ýerleri, durmuş desgalary we ýaşyl ýerler bolar.

Girdeji salgydynyň salynmajakdaygy yglan edilen şäherde diňe goşulan baha üçin salgydyň (goşulan baha üçin salgydyň) ýygnaljakdygy we ýygnalan salgytlaryň ýarysynyň şäheriň gurluşygyna maýa goýuljakdygy, galan ýarysynyň bolsa şäheri abatlamak üçin ulanyljakdygy mälim edildi.

 

Birža täzelikleri: owgan işewürleri el halylaryny satyn aldy

 

Ýene-de okaň

Putin bilen Trampyň 4-nji telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň ilçisi Transhazar ulag geçelgesine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň üýtgeýän sebit gün tertibindäki strategik hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy