SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkiýäniň üsti bilen Russiýa gitmek üçin uçar gatnawy

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasy 2021-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Stambul-Aşgabat-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrýar.

Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Konsullyk gullugynyň “Telegram” jemgyýetçilik torunda hem maglumat ýerleşdirilipdir. Şol maglumatda Tükriýäniň üsti bilen Russiýa gitmek isleýänleriň bu ýörite gatnawdan peýdalanyp biljekdigi aýdylýar.

Şeýle hem şol maglumatda Russiýa gitmäge esasnamasy bolan Russiýanyň we daşary ýurtlaryň raýatlarynyň bu gatnawdan peýdalanyp biljekdigi bellenilýär.

Ýörite uçar gatnawy barada has giňişleýin maglumat üçin “Türkhowaýollary” awiakompaniýasynyň kassasyna ýüz tutup bolar.

Şeýle hem Konsullyk gullugyndan Russiýa wiza almagyň düzgünleri Russiýanyň ilçihanasynyň resmi saýtynda ýerleşdirilendir.

27-nji uçar gatnawy: türkmen talyplary Russiýa gitdiler

Ýene-de okaň

Hytaý ýaş hünärmenler üçin täze wiza görnüşini girizýär

AÖB Türkmenistanda şepagatçylyk işini ösdürmek üçin $77 mln maýa goýýar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy içerki gatnawlaryň tertibine düzediş girizer

Türkmenistanyň uçarmanlary Ýewropanyň standartlaryna göra taýýarlanar

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça halkara sergi geçiriler

Pakistan Türkmenistanyň bilen göni howa gatnawlaryny dikeltmegi teklip edýär