Ösümlikler dünýäsinde müňlerçe ösümlik görnüşleri bar. Olar biri – birinden haýsydyr bir aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Täsin ösümlikler diňe bir ýabany tebigatda duş gelmän, medeni ösümlikleriň arasynda hem az däl. Häzirki döwürde ylmyň – bilimiň ösmegi bilen täsin ösümlikleriň köp görnüşleri döredildi. Aýratyn hem seleksiýanyň, biotehnologiýanyň, genetikanyň synaglary netijesinde ynsan saglygy üçin peýdaly gök – bakja ekinleriň täze görnüşleri döredildi.
Ylmyň täze gazananlarynyň biri hem “gara pomidor”. Gara pomidory ilkinji gezek rus alymlary geçen asyrlarda ýabany pomidor bilen adaty gyzyl pomidory çaknyşdyryp gara pomidory aldylar. Käbir maglumatlara görä gara pomidor genetiki taýdan üýtgedilen ýa-da GMO önüm hasaplaýarlar. Emma pomidoryň bu görnüşini köp ýyllaryň dowamynda seçgiçiligiň kömegi bilen döretdiler.
Pomidoryň täsin gara reňki gyzyl we melewşe pigmentleriň garyşmagyndan ýüze çykýar. Adaty pomidoryň gyzyl reňkini leýlekopin we karatinoid pigmentleri berýär. Mämişi reňki bolsa, antosiýanlar ýüze çykarýar. Bu pigmentleriň garyşmagyndan pomidor gara reňki ýüze çykarýar. Antosian pigmentleri diňe bir pomidorda duş gelmän beýleki gök önümlerde hem giňden ýaýrandyr.
Gara pomidor adaty pomidordan reňki we tagamy bilen tapawutlanýar. Sebäbi gara pomidory bir gezek iýip gören ynsan ikinji gezek adaty pomidor onuň üçin tagamsyz duýulýar. Sebäbi gara pomidorda şeker köp saklanýar we organiki kislotalara baýdyr. Emma baldagy ýapragy, miwesi adaty pomidora meňzeşdir.
Adaty pomidor sortlaryndan tapawutlylykda gara pomidoryň hasyllygy we dürli kesellere durnuklylygy ýokary. Häzirki döwürde gara pomidoryň gara mawr, çernamor, gara debaro, goňur şeker, gara şazada, kumata, gara garpyz ýaly köp sanly sortlary hasaba alyndy. Gara pomidoryň ýetişiş döwürleri sortlara görä 105-125 gün aralygynda. Dürli sortlarda miwäniň ortaça agramy 100 – 500 gr aralygynda bolup, bir düýp ösümlik 2-6 kg çenli hasyl berýär.
Gara pomidor ynsan saglygy üçin örän peýdaly. Düzmünde antosiýan pigmentleri ýokary derejede saklanyp, immun ulgamyny we gan damarlaryň diwarlaryny berkidýär. Çiş kesellerinde hem peýdaly. Leýkopin pigmenti bolsa, adamyň sekresiýa ulgamynda ýüze çykan dürli bozulmalary sazlaýar.
Şeýlelik – de iki pigmentiň bir miwede saklanyp, üýtgeşik ösümlik görnüşiniň döredilmegi we ynsan saglygyna peýda bermegi, elbetde ösümlik dünýäsiniň täsinligi hasaplanýar.
Maýa Hajyýewa
Türkmen oba hojalyk instituty
Agrohimiýa we topragy öwreniş
kafedrasynyň mugallymy
Milli Liderimiz Türki geňeşde täze başlangyçlary öňe sürdi