BIZNES

“Hertz” kompaniýasy “Tesladan” ulag sargyt etdi

“Hertz” kompaniýasy Demirgazyk Amerikadaky iň uly elektrik ulagy kärendesine bermek hyzmatyny hödürlemek üçin ep-esli maýa goýandygyny belläp, 2022-nji ýylyň ahyryna çenli  “Tesla” kompaniýasyndan 100 000 sany awtoulagyna sargyt berendigini habar berdi.

Kompaniýanyň beren beýanynda sarp edijileriň elektrik ulaglaryna bolan gyzyklanmasynyň çalt artýandygy mälim edildi.

Beýanatda noýabr aýyna çenli müşderileriň ABŞ-nyň esasy bazarlarynda we Ýewropanyň käbir şäherlerinde “Tesla Model 3”-i kärendesine alyp biljekdigi habar berildi.
Kompaniýanyň global amallarynda täze elektrik ulagy zarýad beriş infrastrukturasyny hem döredjekdigi we “Tesla Model 3”-i kärendesine alýan müşderileriň ABŞ-da we Ýewropada 3000 “Tesla”  zarýad beriş stansiýasyna girip biljekdigi mälim edildi.

 

BildiriÅŸ: Konsulluk taze salgyda hyzmat berer

 

Related posts

Gazagystan türkmen telekeçilerini işewürlik saparyna çagyrýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

Birža täzelikleri: gazak işewürleri nah ýüplük satyn aldy

Ata Watan Eserleri