Türkmen halky müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhynyň dowamynda uly taryhy hem-de terbiýeçilik ähmiýeti bolan ruhy we maddy gymmatlyklaryň birgidenini döretmegi başardy. “Taryh, maddy we ruhy gymmatlyklar her bir halkyň milli buýsanjydyr. Bu gymmatlyklar her halkyň gadymy döwürlerden gözbaş alýan geçmişini beýan edýän hem-de dünýä siwilizasiýasynyň ösüşinde tutýan ornuny kesgitleýän gymmatly subutnamalar bolup hyzmat edýär” [ 1,132 ]. Pederlerimiziň guran ýurtlarynyň, gözel ymaratlarynyň aglabasy wagtyň öňünde durmakdan ejiz geldirler. Ýöne ata-babalarymyz atalar sözlerini, nakyllaryň toplumyny, pähimlerden doly şadessanlary, dessanlary, läleleri, rowaýatlary, aýdymlary, ertekileri we beýleki halk döredijilik eserlerini häzirki nesillere ýetirmegi başarypdyrlar. Olaryň döreden “Şasenem – Garyp“, „Zöhre – Tahyr“, „Hüýrlukga – Hemra“, „Saýatly – Hemra“, „Helalaý – Garyp“, „Gül – Bilbil“, „Babaröwşen“, „Leýli – Mejnun“, „Nejeboglan“ ýaly dessanlary, „Oguznama“, „Gorkut – ata“, „Görogly“, “Tulum Hoja” ýaly şadessanlary türkmen halk döredijiligine göwher daşy ýaly şöhle saçýarlar. Olar janly hakykaty, halkyň dünýägaraýşyny, onuň köp asyrlyk taryhyny çeper keşpleriň üsti bilen umumylaşdyrýan eserlerdir.
Türkmen halk döredijiliginde aýratyn ýeri eýeleýän şadessanlar geçmişde bolan wakalary, ata – babalarymyzyň gahrymançylykly işlerini, olaryň dünýägara- ýyşlaryny, ynançlaryny, ýigrençlerini we buýsançlaryny täze nesillere gürrüň bermek arkaly adamlarda watançylyk duýgularyny döredipdirler, nesilleri mertlige, batyrlyga, agzybirlige, dostluga çagyrypdyrlar.
Şadessanlarynyň içinde gahrymançylykly “Gorkut atanyň” orny üýtgeşikdir. Eser mundan 1500 ýyl çemesi ozal bolup geçen wakalardan habar berýär. Onuň käbir boýlary bolsa gözbaşyny has gadymyýeten alyp gaýdýar. Şadessanda diňe türkmeniň däl, eýsem ähli türki halklaryň medeniýetine, maddy we ruhy dünýäsine degişli bolan gymmatlyklar öz beýanyny tapýar.
„Gorkut ata“ şadessany Gündogaryň sowatly adamlaryna belli eser bolupdyr. Fazlallah Reşideddin (XIV asyr), Alişer Nowaýy (XVI), Salyr Baba Gulaly (XVI asyr), hywa hany Abulgazy Bahadyr han (XVII asyr) ýaly türkmen taryhyny öwrenen adamlaryň işlerinde şadessan hakynda gymmatly maglumatlar galdyrylypdyr. Olarda “Gorkut ata” türkmenleriň arasynda meşhur eser hökmünde baha berilýär.
“Oguzlaryň – türkmenleriň folklor eserleriniň ösüş taryhy köp asyrlaryň dowamynda ajaýyp „Gorkut ata“ şadessanyny döretdi. Bu meşhur edebi mirasyň döremegi külli oguzlaryň – türkmenleriň halk döredijiliginiň gülläp ösüşiniň has görnükli, iň ýokary derejä ýeten miwesi boldy. Oguzlaryň – türkmenleriň „Gorkut ata“ şadessany özüniň düzülişi, çeperçiligi, dili, many – maksady boýunça oguzlaryň – türkmenleriň taryhyny, etnografiýasyny, etnogenezini, medeniýetini beýan edişi, olaryň gahrymançylykly göreşlerini wasp edip, ýokary ideýalylygy bilen dünýä edebiýatyna gatnaşýar“ [6, 139].
Ylyma şadessanyň ýazgydaky iki nusgasy belli. Onuň birinji nusgasy Germaniýanyň Drezden şäheriniň şäher kitaphanasynda saklanýar. Oňa „Gorkut atanyň“ Drezden nusgasy diýilýär. Ol on iki boýdan – şahamçadan ybarat. Görnükli gorkutşynas alymlaryň pikirine görä, bu nusga XV asyrda Akgoýunly türkmen döwletinde ýazga geçirilen bolmaly [ 8 ]. Eseriň ikinji nusgasy Watikan nusgasy ady bilen belli. Ol alty boýdan – şahamçadan durýar. Şadessanyň bu nusgasy geçen asyryň ikinji ýarymynda Watikan kitaphanasynyň golýazmalar gorundan tapylýar.
Häzirkizaman gorkutşynaslygyna “Gorkut atanyň” dilden ýazylyp alynan nusgasy-da belli. Türkmenleriň ata watanlaryndan tapylan ol nusga “Gorkut atanyň” çowdur nusgasy ady bilen tanalýar. Onuň tapylmagy we ýazylyp alynmagy meşhur folklorçy Ata Rahmanowyň ady bilen baglydyr.
Asly Ahal welaýatyndan bolan Ata Rahmanow sowady ýetik hünärmen hökmünde geçen asyryň 40-njy ýyllarynda Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz (şol wagtky Kalinin) etrabyna partiýa-sowet işine goýberilýär. Ozaldan ylma ilgezek Ata Rahmanow şol ýerde halk döredijiligi bilen has içkin gyzyklanyp ugraýar. Jumamyrat Oraz ogly, Gurbandurdy Mätjuma ogly, Gurbangylyç Cakan ogly ýaly meşhur çowdur bagşylary we geçmişi gowy bilýän adamlar bilen duşuşyp, olaryň dilinden “Gorkut atanyň” entek ylyma mälim bolmadyk nusgasyny ýazyp alýar. Onuň toplan maglumatlary türkmen gorkutşynaslygy üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly hazyna öwrülýär. Sebäbi “Gorkut atanyň” täze nusgasynyň tapylmagy türkmenleriň ata-babalaryna, milli mirasyna gaty uly sarpa goýýandygyklaryna, hiç haçan geçmişdäki milli gahrymanlary bilen aragatnaşygy üzmändiklerine ýene bir gezek şaýatlyk edýär.
Ata Rahmanowyň ýatlamalaryna görä, “Gorkut ata” şadessanynyň täze nusgasynyň biziň günlerimize ýetmeginde bagşy Gurbangylyç Çakan oglunyň aýratyn hyzmaty bolupdyr. Türkmen halk döredijiligine bagyşlap ýazan makalalarynda Ata aga ony aýratyn hormat we mähir bilen ýatlaýar.
Geň galaýmaly derejede ýatkeş, tǔrkmen halk döredijiliginiň ölemen aşygy, tǔrkmen halkynyň gelip çykyşy, etnografiýasy boýunça ensiklopedik bilime eýe bolan bu ýaşulydan Ata Rahmanow “Gorkut ata” şadessanyny, şeýle hem “Oguznama” şadessanynyň täze nusgasyny, “Şasenem – Garyp” dessanynyň birnäçe şahasyny, tǔrkmen tire-taýpalarynyň gelip çykyşlary hakyndaky gymmatly maglumatlary ýazyp alýar. “Görogly” şadessanynyň barlygy bilinýän, ýöne tapmasy kyn bolan “Göroglynyň ölümi” şahasyny kimden ýazyp almaklygyň mümkindigi barada maglumat alýar [ 7 ].
Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynda ýaşap geçen Gurbangylyç Cakan ogluna uzak ömǔr sǔrmek miýesser edipdir. Ol 1957-nji ýylda 98 ýaşynyň içinde aradan çykýar. Onuň garyndaşy, Boldumsaz etrabynyň Goldawly obasynda (Lawak demir ýol menzili) ýaşap, 2020-nji ýylda 96 ýaşda aýrylan Akjagǔl Tagan gyzynyň beren gǔrrǔnlerine görä, Gurbangylyç Cakan ogly ýaş wagtlary tanymal bagşy ekeni. Ýöne geçen asyryň otuzynjy ýyllarynda sesini zaýaladýar. Şondan soň ol uly toýlara çykyp aýdym aýtmagyny bes edýär. Emma aýdyma-saza bolan höwesi onuň ömürlik hemrasy, ullakan gara dutar hem hemişelik ýarany bolupdyr. Bagşy töweregine ýygnalýan adamlaryň ýaşyna, işine, wezipesine garamazdan, olara geçmişiň gǔrrǔňlerini, tǔrkmen taryhyny, dessanlaryny, şadessan- laryny gǔrrǔn edip berer ekeni. Şonda ol oguzlaryň – tǔrkmenleriň köp wagtlap oturan ýerleri bolan Tǔrkǔstana, Altaýa, Maňgyşlaga ýaş wagty eden saparlaryny ýygy-ýygydan ýatlamagy halapdyr. Gǔrrǔň arasynda daşyna ǔýşen ýaş-eleňlere, häli-şindi: “Balalarym, meniň aýdanlarymy ýatda saklajak boluň. Bu gǔrrǔňleriň gadryny häzir bilmeseňizem ýaşyňyz gaýdyşandan soň bilersiňiz. Galybersede, könesi bolmadygyň täzesi bolmaz” – diýip ýǔzlenipdir.
“Gorkut atanyň” çowdur nusgasynyň ylmy ähmiýeti uly. Ol on alty boýdan-şahamçadan ybarat. Olaryň on iki şahamçasy “Gorkut ata” şadessanynyň Drezden nusgasynyň boýlarynyň mazmunyny belli bir derejede gaýtalaýar. Dört şahamçasy bolsa başga ýerde duşmaýar. Eseriň gunbatar nusgalaryny gaýtalaýan şahamçalary-da özboluşly gǔrrǔň beriş aýratynlyklary, hereket edýän gahrymanlaryň ǔýtgeşikligi, wakalaryň bolup geçýän ýerleriniň başgalygy ş. m. bilen olardan tapawutlanýarlar. Bu ýagdaý günbatara giden oguzlaryň-tǔrkmenler bilen ata Watanlarynda galan türkmenleriň dǔnýägaraýyşlaryndaky umumylyklary we aýratynlyklary deňeşdirip öwrenmäge giň mümkinçilik açýar. Milli nusganyň käbir boýlary – şahamçalary ilkinji gezek şadessanyň 1951-nji ýylda professor M. Kösäýewiň redaksiýasy bilen taýýarlanan neşirine goşulýar. Ýöne ol neşir şol wagtlar agalyk eden ideologiýa bilen baglanşykly sebäplere görä okyjylara gowuşmaýar.
“Gorkut ata” – beýik halkyň beýik pederlerine bolan beýik söýgüsinden dörän eser. Onuň süňňüni millilik, özenini buýsanç düzýär. Hut şu sebäplem döredijilikde synpylyk, partiýalylyk, syýasatda ähli halklary umumy bir millete öwürmeklik ündew edilen sowetler döwründe şadessanyň ykbaly keç gelýär. Ony tutuş türkmen halkyna däl-de, diňe han beglere degişli eser hökmünde görkezmäge çalyşylýar. Şadessan bilen ýakyndan iş salyşyp, ony halka elýeterli etmeklik ugrunda alada eden professorlar Mäti Kösäýew bilen Baýmuhammet Garryýew, “Gorkut atanyň” milli çowdur nusgasyny ýygnan Ata Rahmanow ýaly alymlar dürli görnüşli jenaýat jogapkärçiliklerine çekilýär [ 3, 478 – 507 ]. Netijede, “Gorkut ata” urşy, dagynyklygy, dawa-jenjeli wasp edýän eser hökmünde gadagan edilen esere öwrülýär. Şadessan diňe 1990-njy ýylda Türkmenistanda okyjylaryna gowuşýar.
Milli garaşsyzlyga eýe bolunmagyň netijesinde „Gorkut ata“ şadessany hem azatlyga çykdy. Ol gysga döwrüň içinde halkyň söýgüsini gazandy. Şadessan özbaşdak kitap görnüşinde birnäçe gezek çap edildi. Oňa bagyşlanan ylmy barlaglar peýda boldy. Şadessandaky dürli meselelere bagyşlanan ylmy we publisistik makalalar çap edildi. Sahna eserleri döredildi. Şadessan boýunça ylmy konferensiýalar, şol sanda halkara konferensiýasy-da geçirildi [ 4 ]. Gorkut ata “…şadessanynda öňe sürülýän mukaddes Watana, ata-enä, keramatly topraga, ynsana hormat goýmak, päklik, dogruçyllyk, halallyk we ynsanperwerlik hakyndaky öwüt-ündewler diňe bir öz döwri üçin däl, ähli döwürler üçin hem ähmiýetini ýitirmedik terbiýe mekdebidir – akyl-paýhasy durlaýjy milli gymmatlygymyzdyr” [ 2, 8 ]. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe oguz – türkmenleriniň ata Watanlarynda tǔrkmen döwleti, milli ruhyýeti ǔçin iňňän zerur bolan gymmatbaha maglumatlary özünde saklaýan gahrymançylykly “Gorkut ata” aýratyn sarpa goýulýar.
Peýşembaý Aýdogdyýew
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň
jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri
filosofiýa ylymlarynyň kandidaty
