SPORT

Messi Peleden ozdurdy

Argentinanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi Katarda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda Boliwiýanyň ýygyndysyna 3 jogapsyz pökgi geçirdi.

Argentinanyň milli ýygyndysy Boliwiýanyň ýygyndysyny 3:0 hasabynda utdy. Duşuşykdaky ähli gollary Messi öz adyna ýazdyrdy. Şeýlelikde, 34 ýaşyndaky häzirki wagtda Fransiýanyň “PSŽ” toparynda futbol ýoluny dowam etdirýän Lionel Messi milli ýygyndynyň düzüminde geçiren gollarynyň sanyny 79-a çykardy.

Ol bu görkeziji bilen Günorta Amerika yklymyndaky milli ýygyndylaryň futbolçylarynyň arasynda iň köp gol geçiren futbolçy boldy. Messi bu ugurda braziliýaly ady rowaýata öwrülen Peleden ozdurdy.

Pele 92 duşuşykda 77 gol geçiren bolsa, Messi 153 duşuşykda 79 gol geçirdi.

 

10-njy sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Related posts

Iň owadan logotipli futbol topary

Ata Watan Eserleri

Türkmen kikboksçylar dünýä çempionatynda 3 bürünç medal gazandy

Çempionat 21-nji iýunda başlanar

Ata Watan Eserleri