SPORT

Tokio-2020: karatede ilkinji Olimpiýa medaly

Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda geçirilýän tomusky Olimpiýa oýunlaryna ilkinji gezek sportuň täze görnüşleri goşuldy. Olaryň biri hem karate sportydyr. Bu sport görnüşinde ilkinji Olimpiýa medalyny ispaniýaly türgen Sandra Sançes gazandy.

Ispan türgeni Sandra Sançes karate sportunyň “kata” görnüşinde ýapon türgeni Kiue Samidzany ýeňmegi başardy. Şeýlelikde, ispan türgeni Olimpiýa oýunlarynda karate sportunda ilkinji medal gazanan türgen boldy.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Tokio Olimpiýa oýunlarynyň sport maksatnamasyna sportuň karate, daga dyrmaşmak, sýorfing, skeýtbording ýaly täze görnüşleri girizildi.

 

Hytaý 2 milliard doza sanjym kömegini berer

Related posts

Maýk Taýson süýji öndürýär

Ata Watan Eserleri

Türkmen samboçylary Aziýa çempionatynyň ilkinji gününde 6 medal gazandy

Katar-2022: soňky gyzykly wakalar