DÜNÝÄ

Ýulduz Usmanowa “Awazada” aýdym aýdar

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 6-njy awgustynda Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda birnäçe halkara ähmiýetli çäreleriň geçirilmegine garaşylýar.

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde ýene-de birnäçe möhüm çäreler geçiriler. Şol çäreleriň hatarynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konserti hem göz öňünde tutulýar.

“orient.tm” neşiriniň habaryna görä, bu konsertde sebitiň ýurtlaryň meşhur aýdymçylarydyr sungat ussatlary bilen bir hatarda Özbegistanyň halk artisti Ýulduz Usmanowa hem çykyş eder.

Meşhur özbek aýdymçysy Ýulduz Usmanowanyň repertuarynda 8 dilde 600-den gowrak aýdym bar.

 

 

Aýyň täleýnamasy: Awgust

 

Related posts

Ärdogan bilen Miller tebigy gaz merkezini döretmegi maslahatlaşdy

Nobel hepdeligi: fizika ugry boýunça ýeňijiler

Türkiye’de oy kullanma başlıyor: Seçime çağrı

vepa