SPORT

Jeýdon Sanço «Mançester Ýunaýtedde»

«Mançester Ýunaýtediň» metbugat gullugy resmi saýtynda Dortmundyň «Borussiýasynyň» hüjümçisi Jeýdon Sançonyň iňlis toparyna geçendigini yglan etdi.

Şeýlelik, ata Watanyna gaýdyp gelen Sanço üçin «Mançester Ýunaýted» nemes toparyna 85 million ýewro tölär. Angliýanyň milli ýygyndysynda hem çykyş edýän hüjümçi bilen 2026-njy ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşyldy.

21 ýaşly Sanço «Borussiýada» 2017-nji ýyldan bäri çykyş edip gelýär. Ol nemes toparynyň düzüminde resmi duşuşyklaryň 137-sine gatnaşdy. Şol duşuşyklarda 50 gezek tapawutlanan hüjümçi 64 gol pasyny berdi. Ol «arylaryň» düzüminde Germaniýanyň kubogyna hem-de Naýbaşy kubogyna mynasyp boldy.

Jeýdon Sançonyň Angliýanyň milli ýygyndysynda 22 duşuşyk geçirip, şolarda üç gezek tapawutlanandygyny hem aýtmak gerek.

Mbappeniň göwni «Realda»

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen dzyudoçysy Maýsa Pardaýewa Mongoliýada bürünç medal gazandy

Türkiýäniň milli ýygyndysy dünýä çempionaty bilen hoşlaşdy

Meksikadan soňra ABŞ hem 1/16 tapgyra çykdy

Dünýä çempionatynyň il çalt goly geçirildi

Ata Watan Eserleri

Gaiti – dünýä çempionaty bilen hoşlanan ilkinji ýygyndy

Meksika ilkinji bolup, 1/16 tapgyryna çykdy

Ata Watan Eserleri