SPORT

SSKA toparyna täze tälimçi bellendi

Alekseý Berezuskiý Russiýanyň SSKA toparynyň baş tälimçisi wezipesine tassyklandy. Bu barada toparyň resmi saýty habar berýär.

– Şu gün Alekseý Wladimirowiç ilkinji gezek topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyna çykar – diýip, toparyň metbugat gullugy habar berýär.

Alekseý Berezuskiý SSKA toparynyň tälimçilik toparyna 2021-nji ýylyň ýanwarynda goşuldy. Ol ozal bu toparyň düzüminde çykyş etdi. Toparyň düzüminde ähli ýaryşlarda 502 duşuşykda çykyş etdi.

Ol şu ýylyň iýunynda SSKA toparynyň tälimçisi Iwisa Oliçiň wezipesinden boşadylmagy bilen ýerini ýetiriji edilip bellenipdi.

SSKA topary 2020/2021-nji ýylyň möwsüminde Russiýanyň çempionatynda 50 utuk bilen 6-njy orny eýeledi we Ýewropa kuboklary ugrundaky ýaryşlara gatnaşmak hukugyndan mahrum galdy. Soňky gezek bu topar 2001/2002-nji möwsümde Ýewropa kuboklary ugrundaky ýaryşlara gatnaşmandy.

 

«Instagram» we «Facebook»  töleg tölär

Ýene-de okaň

Dünýä çempionaty: 1/8 finalyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň rekordlary bilen Argentina 1/8 finala çykdy

Portugaliýa bilen Ispaniýa 1/8 finalda duşuşar

Garri Keýn meşhur Peleden öňe saýlandy

Angliýa, Belgiýa we ABŞ 1/8 finala çykdy

Dünýä çempionatynyň oýunlaryna 5 million janköýer gatnaşdy