DÜNÝÄ

Adam hukuklary boýunça dialogyň 13-nji mejlisi geçirildi

Türkmenistanyň DIM-iň edara binasynda wideoaragatnaşyk arkaly «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» adam hukuklary boýunça Dialogyň 13-nji mejlisi geçirildi.

«Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» adam hukuklary boýunça Dialogyň nobatdaky tapgyry Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisiniň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adam hukuklary we ynsanperwer hukugy ulgamynda Ýewropa Bileleşigi hem-de halkara institutlar bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi baradaky beren tabşyryklary dogrusynda geçdi.

Türkmen wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew, adam hukuklary boýunça Doly ygtyýarly wekil – Türkmenistanyň Adalatçysy, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Ýokary Kazyýetiniň, Adalat, Içeri işler, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleriniň, Döwlet migrasiýa gullugynyň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Din işleri boýunça bölüminiň wekilleri bar.

Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetiniň düzümi Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler boýunça Ýewropa gullugynyň ygtyýarlandyrylan wekillerinden, ÝB-niň Türkmenistandaky Ilçisinden ybarat boldy. Mejlise şeýle-de Fransiýanyň we Germaniýanyň Türkmenistandaky Ilçileri hem-de ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň Başlygy synçy hökmünde gatnaşdylar.

Taraplar Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy ulgamlarynda halkara-hukuk borçnamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen bagly bolan meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Kanunyň hökmürowanlygy we kazyýet özgertmeleri, ykdysady, durmuş hem-de medeni hukuklar, köptaraplaýyn formatlarda we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk gün tertibiniň esasy meseleleriniň hatarynda boldy.

Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy ulgamynda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparyň işleriniň netijeleri diňlenildi. Raýat jemgyýeti tarapyndan berilen ýüz tutmalaryň we teklipleriň işlenilip taýýarlanylmagy boýunça anyk mysallar getirildi.

Taraplar adam hukuklaryny goramak babatda milli maksatnamalary, meýilnamalary hem-de kanunlary işläp düzmek bilen bagly pikirleri, maslahatlary we teklipleri alyşdylar.

 

Babamyrat Babaýew: Arzuwyma gowşan dünýäm

 

 

Ýene-de okaň

Özbegistanda Ministrler Kabinetiniň täze düzümi tassyklandy

Owganystan bilen goňşy döwletleriň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy Aşgabatda geçiriler

Trampdan türk asylly lukmana teklip

Ata Watan Eserleri

Özbegistanda Abdulla Aripow täzeden Premýer-ministr boldy

Türkmenistanyň has howpsuz geljegini gurmakda ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy

Braziliýada “G20” sammiti geçirilýär