DÜNÝÄ

200 ýyldan soň…

Beýik Britaniýanyň Bukingem köşgündäki karollyk sungat eserleri 200 ýyllyk arakesmeden soňra köpçülige görkezilip başlandy.

Sergide şazenan Ýelizaweta II-niň söýgüli eserlerini hem synlamak mümkin.

«Iki asyryň dowamynda Bukingem köşgüniň uly zallarynyň biriniň diwarlarynda asylyp goýlan Rembrandt, Rubens, Tisian, Wermeer, wan Deýk, Kanaletto ýaly ussatlaryň eserleri bu ýere gelýänleri haýran galdyrýar» diýip, bu barada «The Guardian» neşiri ýazýar.

Aýdylyşyna, görä, köşkde abatlaýyş işleriniň geçirilýänligi sebäpli, dünýäniň bu seýrek nesip edýän sergisi ilkinji gezek köpçülige ýetirilýär. Oňa islän adam petek satyn alyp tomaşa edip bilýär.

Related posts

Donald Tramp – ýylyň adamy

Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasynda möhüm hökümet mejlisleriniň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi

Jeff Bezos toýy üçin 500 million dollar sarp eder