JEMGYÝET

Şähere kakao ýagdy

Şweýsariýanyň Olten şäheriniň ýaşaýjylary täsin ýagmyr bilen ýüzbe-ýüz boldular. «Oltner Tagblatt» atly ýerli neşiriň ýazmagyna görä, şäherde kakao däneleri ýagdy.

Muny ilki bolup, şäheriň bir ýaşaýjysy duýdy. Ol ulag dolandyrýarka, yzky aýna-da düşünksiz çaňyň ýygnandygyna üns berdi. Çaňy süpürip aýyrmak üçin oňa ýakynlaşanda, aslynda, ýagan zadyň kakado däneleridigini gördi.

Habarda hem takyklaşdyrylyşy ýaly, bu adaty bolmadyk ýagyn ýakynda ýerleşýän «Lindt & Sprüngli» atly ýerli şokolad kärhanasynyň şemallandyryş ulgamyndaky näsazlyk sebäpli ýagypdyr. Mahlasy, şokoloda öwrülmeli kakao däneleriniň agramly bölegi şähere ýaýrapdyr-da, ýagyna öwrülip, şäherlileriň üstüne ýagypdyr.

Häzir kompaniýa bu nasäzlygy düzetmegiň üstünde işleýär. Ýöne ýagmyr öwrülen kakao dänejikleri kompaniýany ep-esli çykjada uçratdy.    

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Fizuli şäherine baryp gördi

Türkmenistanyň Prezidenti azerbaýjan halkynyň mukaddesliklerini sarpalady

Aşgabat-Baku: ikitaraplaýyn ähtnamalaryň uly toplumyna gol çekildi

Azerbaýjan Türkmenistana nebit tankerini sowgat berdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Bakuda resmi dabara bilen garşylandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana döwlet sapary başlandy