SPORT

Kuman – “Barselonanyň” täze tälimçisi

«Barsleona» topary Ronald Kuman bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşdy. Bu barada toparyň resmi internet sahypyasynda mälim edildi. Toparyň tälimçisi bolup işlän Kike Setýen “Barselona” toparynyň “Bawariýa” toparyndan 8:2 hasabyndan utulmagyndan soňra wezipesinden boşaldyldy.

57 ýaşly tälimçi Kumanyň şertnamasynyň möhleti 2022-nji ýylyň 30-njy iýunynda dolýar. Kuman “Barselona” tälim bermek üçin Niderlandlar Patyşalygynyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň tälimçisi wezipesini taşlady. Ol 2018-nji ýyldan bäri bu ýurduň milli ýygyndysyna tälim berýärdi.

Kuman 1989-1995-nji ýyllar aralygynda “Barselonada” futbolçy hökmünde oýnady. Ol şol döwürde Ispaniýanyň çempiony, 3 gezek Superkubogyň eýesi, Ispaniýanyň Kubogy, Ýewropa çempionlar kubogyny (häzirki Çempionlar ligasyny) we UEFA-nyň Superkubogyny eýelemegi başardy.

Kuman 2000-nji ýylda “Witesse” toparyna tälimçi bellenmezden ozal, “Barselonada” kömekçi tälimçi bolup işledi. Şeýle hem ol “Aýaks”, “Benfika”, “PSW”, “Walensiýa”, “AZ Alkmaar”, “Feýenord”, “Sauthempton” we “Ewerton” ýaly toparlara tälim berdi.

Tälimçi hökmünde üç gezek Niderlandlaryň milli çempionatynyň çempiony, kubogyny we Superkubogyny, Portugaliýanyň Superkubogyny we Ispaniýa kubogyny aldy.

Ýene-de okaň

Kabo-Werdeniň derwezeçisi “Instagramda” 5,5 milliona yzarlaýja ýetdi

Erwe Renar dünýä çempionatynda Tunisiň ýygyndysyna tälim berer

Dünýä çempionatynyň 2-nji zenan emini

Tunis çempionat döwründe baş tälimçisini wezipesinden boşatdy

Mark Kukurella “Real Madrid” toparyna geçdi

Dünýä çempionaty: Germaniýa Kýurasaony 7:1 hasabynda utdy