SPORT

Kubok Amerika: Argentina hem finala cykdy

Braziliýada Kubok Amerika ýaryşy dowam edýär. Braziliýanyň ýygyndysy finala çykmagy başardy. Braziliýaly Neýmaryň arzuwy hasyl boldy.

Neýmar finalda Argentinanyň ýygyndysy bilen duşuşymagy arzuw etdi. Sebäbini hem Argentiananyň ýygyndysynda köp sanly dostlarynyň bardygyny belledi.

Hakykatdan hem Argentinanyň ýygyndysy Braziliýanyň garşydaşy boldy. Lionel Messili Argentina ýarym finalda Kolumbiýanyň ýygyndysyny esasy wagty 1:1 tamamlanan duşuşykda, 11 metrlik jerime urgularyndan 3:2 hasabynda utup, finala çykdy.

Dynç güni Argentinanyň ýygyndysy finalda Braziliýanyň ýygyndysy bilen duşuşar.

Messi üçin ýene-de bir möhüm duşuşyk bolar. Ol “Barselona” toparynyň düzüminde köp sanly kuboklary we rekordlary gazandy.

Ýöne Messi entek milli ýygyndynyň düzüminde uly ýaryşlarda ýeňiş gazanyp bilmedi.

 

7-nji iýuldaky howa maglumaty

Ýene-de okaň

Dünýä çempionaty: 1/8 finalyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň rekordlary bilen Argentina 1/8 finala çykdy

Portugaliýa bilen Ispaniýa 1/8 finalda duşuşar

Garri Keýn meşhur Peleden öňe saýlandy

Angliýa, Belgiýa we ABŞ 1/8 finala çykdy

Dünýä çempionatynyň oýunlaryna 5 million janköýer gatnaşdy