SPORT

AFK-nyň Çagyryş ligasy: “Arkadag” topary “Al-Arabi” topary bilen duşuşar

Ýurdumyzyň çempiony “Arkadag” topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ýarym finalynyň ilkinji duşuşygyny geçirer. Duşuşyk, ertir 9-njy aprelde Kuweýt döwletinde geçiriler. Onda Kuweýtiň “Al-Arabi” topary bilen “Arkadag” toparlary duşuşar.

“Arkadag” topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çärýek finalynda Hindistanyň “Ist Bengal” toparyndan üstün çykdy. 2 duşuşykdan ybarat bolan ýaryşda “Arkadag” topary myhmançylykda 1:0 hasabynda, öz meýdançasynda 2:1 hasabynda üstün çykdy.

Ýarym finalyň birinji duşuşygy 9-njy aprelde, jogap duşuşygy bolsa, 17-nji aprelde Türkmenistanda geçiriler.

Related posts

Messi “PSŽ” bilen şertnama baglaşdy

47 ýyldan soňra finala çykdy

Ronaldo “Instagramda” hem rekord goýdy