JEMGYÝET

“Dostluk” ýatagy: ikitaraplaýyn ylalaşyk işlenip taýýarlanylýar

Şu gün hormatly Prezidentimiz “Serdar” kabulhanasynda Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysy Rownag Abdullaýewi kabul etdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, duşuşykda nebitgaz senagatyndaky gatnaşyklaryň geljegi we bu ugurda bilelikdäki taslamalary ýerine ýetirmek boýunça pikir alyşmalar boldy.

Şeýle hem Hazar deňziniň “Dostluk” ýatagynda uglewodorod serişdelerini gözlemek, işläp taýýarlamak we özleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda şu ýylyň ýanwar aýynda gol çekilen Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda deňiz käni bilen baglanyşykly meseleler boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň ähmiýeti bellenildi.

Häzirki döwürde şu resminamanyň çäklerinde degişli ikitaraplaýyn ylalaşygyň taslamasy işlenip taýýarlanylýar. Bu taryhy resminama gol çekilmegi Hazar deňzinde energetika babatda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryny berkitmek we ösdürmek nukdaýnazaryndan ähmiýetli waka öwrüldi.

Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysy öz gezeginde Türkmenistanyň nebitgaz senagatynyň ýokary depginlerde ösýändigini, bu ugurda giň gerimli taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini belledi. Bu bolsa, iki ýurduň hünärmenleriniň bilelikde işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagy üçin oňyn binýat bolup hyzmat edýändigini aýtdy.

 

Messi 34 ýaşady

Ýene-de okaň

Ýusuf Azmun: täze kitap iňlis we türkmen dili üçin gymmatly gollanma

Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlady

Gruziýa türkmen gazyny we nebitini üstaşyr geçirmekde goldaw bermäge taýýar

Türkmenistan Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Müdiriýetiniň mejlisine gatnaşdy

Aziýa Kubogy–2027: ertir Türkmenistan Tailand bilen duşuşar.

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy