JEMGYÝET

Türkmenistanyň Maşgala kodeksine üýtgetmeler giriziler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen duşuşygynda ýaş nesli mynasyp terbiýelemegiň üstünlikleriň girewi bolup durýandygyny nygtap, maşgala gymmatlyklaryna aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi. Çünki ýaşlarymyzyň belent ahlak sypatlary şol gymmatlyklar esasynda emele gelýär.

Çagalarda milli buýsanjy, beýleki halklara hormat goýmak, Garaşsyz döwletimiziň we jemgyýetimiziň gazanan üstünliklerine sarpa goýmak duýgularyny terbiýelemek maşgaladan başlanýar.

Şoňa görä-de, maşgala gatnaşyklaryny yzygiderli kämilleşdirmek, onuň hukuk esaslaryny berkitmek maksady bilen, jemgyýetçilik pikirini öwrenip, Türkmenistanyň Maşgala kodeksine häzirki döwrüň talaplaryna esaslanýan degişli üýtgetmeleriň girizilmegi maksada laýyk bolar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Bu ugurda biziň esasy maksadymyz watandaşlarymyzy, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlarymyzy Watany söýýän, ýurdumyzyň geljegi hakynda alada edýän, milli däp-dessurlarymyza buýsanyp ýaşaýan raýatlar hökmünde terbiýelemekdir diýip, milli Liderimiz belledi.

Kärhanalary hasaba alyş ulgamy kämilleşdiriler

Related posts

Türkiýedäki Türkmenistanyň raýatlarynyň dykgatyna! biometrik pasport boýunça aldawa düşmäň

Ata Watan Eserleri

Altymyrat Orazdurdyýew : Sport ussadynyň durmuş ýoly

vepa

Halk Maslahatynyň Başlygynyň Koreýa Respublikasy sapary meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri