BIZNES

Türkmenistan izobutan öndürmäge niýetlenen desgany gurmakçy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynda gurlan iň döwrebap senagat toplumynyň — tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň işi bilen tanyşdy.

Bu ýerde geçirilen iş maslahatynda “Türkmengaz” döwlet konserniniň ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň direktory B.Pirnyýazow, öz nobatynda, konserniň işinde döwrebap tehnologik enjamlaryň ulanylýandygyny habar berdi.

Häzirki wagtda “Galkynyş” gaz käniniň zawodlarynda tebigy harytlyk gazyň hilini ýokarlandyrmagy ylmy taýdan esaslandyrmak boýunça işler ýerine ýetirilýär.

Institut tarapyndan gazhimiýa zawodlarynyň gurluşygyna tehniki-ykdysady seljerme geçirilip, onuň netijeleri “Türkmengaz” döwlet konsernine tabşyryldy.

Şeýle hem institutyň hünärmenleriniň Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodda ýyllyk kuwwaty 6 müň tonna izobutan öndürmäge niýetlenen desgany hem-de kenarýaka sebitde täze döwrebap gazhimiýa toplumyny gurmak barada deslapky tehniki ykdysady ylmy seljermäniň üstünde degişli işleri alyp barýandyklary barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pudagyň çig mal binýadyny artdyrmak bilen baglanyşykly iri möçberli maýa goýum taslamalarynyň biriniň dünýäde iň iri “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmekden ybaratdygyny belledi. Onuň gorlary “Ýaşlar” we “Garaköl” ýataklary bilen bilelikde 27,4 trillion kub metr hasaplanylýar.

Ýurdumyz tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäkileriň biri bolup, Ýewraziýada ekologiýa taýdan arassa ýangyç öndürijileriň sanawyna girýär. Energiýa serişdelerine, aýratyn-da, ýangyjyň tygşytly hem-de daşky gurşaw üçin howpsuz görnüşi bolan tebigy gaza isleg yzygiderli artýar. Elektroenergetika senagaty, ilkinji nobatda, önümleri giň gerimli durmuş we senagat harytlaryny, mineral dökünleri we beýlekileri öndürmek üçin çig mal bolup hyzmat edýän nebithimiýa we gazy gaýtadan işleýän pudaklary gaza bolan has ýokary islegi üpjün edýär. Şonuň bilen bir hatarda, ýaşaýyş-jemagat ulag ulgamlarynda tebigy gazyň sarp edilişi hem artýar.

Mundan başga-da, halkara jemgyýetçiligiň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleler sebäpli ynjalyksyzlanmalaryny göz öňünde tutanyňda, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, ilkinji nobatda, energetika, wodorod we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar ulgamyndaky innowasiýalar, ýangyç-energetika toplumynyň sanlylaşdyrylmagy has-da ösdüriler. Döwlet Baştutanymyz şunuň bilen baglylykda, alnyp barylýan işleri depginli artdyrmagyň möhüm wezipe bolup durýandygyny nygtap, bu ugurda birnäçe degişli tabşyryklar berdi.

Türkmenistan wodorod önümçiligi bilen hem gyzyklanýar

Ýene-de okaň

Türkmen telekeçileri 2024-nji ýylda 128 desga gurdular

Garlyk kaliý toplumyny ösdürmek üçin german kompaniýalaryň konsorsiumy dörediler

Ata Watan Eserleri

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda «Liebherr» kompaniýasynyň hyzmat merkezini döretmek teklip edildi

Türkmenistanda täze ýokary tizlikli awtomobil ýoly gurlar

Koreýanyň Türkmenistandaky Ilçisiniň “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna iş sapary

Serhetabat-Hyrat gaz geçirijisi 2 ýylda gurlar