BIZNES

Italiýanyň ENI kompaniýasyndan Türkmenistana hyzmatdaşlyk gyzyklanmasy

2020-nji ýylyň 4-nji iýunynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew bilen Italiýa Respublikasynyň «ENI» kompaniýasynyň Merkezi Aziýa sebiti boýunça Ýerine ýetiriji wise-prezidenti L.Winýatiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Duşuşykda taraplar «ENI» kompaniýasynyň Türkmenistandaky işi baradaky meseleleri, geçirilýän işleriň netijelerini we «COVID-19» bilen bagly wehimleri ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan bilen açyk we birek-birege ynanyşmak häsiýetli gatnaşyklar barada aýdyp, italýan tarapy ýakyn hyzmatdaşlyk üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle-de serişdeleriň gymmatyny we durnuklylygyny iki tarapyň hem bähbidi üçin saklamak maksady bilen, häzirki döwürdäki ykdysady ýagdaýa laýyklykda maýa goýumy we kompaniýanyň işini işjeňleşdirmek babatdaky tekliplere seredildi.

Related posts

«Türkmenhowaýollary» agentligi täze uçarlar satyn alar

Ata Watan Eserleri

«Senagat» paýdarlar-täjirçilik bankyna täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan Merkezi Aziýa maýa goýum forumyna gatnaşýar