SIZDEN GELENLER

Petruşka – Petroselinium crispum (badyýan) oty

 Birýyllyk ýa-da ikiýyllyk otjumak ösümlik bolup, boýy 30-60 sm. Ýapragy baldakda nobatlaýyn ýerleşýär. Ýaprakýany ýok, ýapraklarynyň şekili bitewi, dilkaw-dilkaw çapylan bolýar. Ýapraklary göni durýan, aşak gaýtýan, ýapraklarynyň reňki ýaşyl, süýjüligi köp bolýar, kökleri agymtyl çal reňkli uzynlygy 14 sm ýogynlygy l,5 sm. Gowşak şahalanan görnüşdedir. Gül topbagy ýönekeý saýawan. Petruşkanyň 2 görnüşi bolýar: kökmiweli badyýan we ýaprak badyýan. Esasan ýaprak badyýan ulanylýar. Ýapraklarynyň efir ýaglary köp bolýar. 1 kg-da 4 g efir ýagy bolýar. Ekmäge maslahat berilýän görnüşi: adaty badyýan.

1-ýaprak badyýan;

2-kökmiweli badyýan;

3-ýaşajyk ösümlik;

4-ýapragyň görnüşleri;

5-gül toplum;

6-ýetişen miweleri;

7-miwe gozasy;

8-tohumy.

Ýapragy, baldagy iýilýän gök ekinleriň sortlary: Şebit. Kaskalenskiý sorty. Gazagystanyň kartofelçilik, gök ekerançylyk institutynda döredildi. Ýapraklary aralyk uzynlykda 17-20 sm, ýapragynyň inliligi 17-18 sm, reňki ýaşyl, aralyk kesikleri bolýar. Güllän döwründe baldagyň 100-120sm boýy bolýar. Aralyk ýapraklary bar. Saýawanlary iri, ýasy, 20-30 sany saýawanjyklardan durýar. Aralyk sortlara degişli bolup, ösüş döwrüniň dowamlylygy ýapragy üçin          39 gündür. Guran baldaklaryny we ýetişen tohumlaryny ýygnamak üçin 65 gün gerek bolýar. Hasyllygy 289 s/ga. Harytlylygy 90%. Ýaşy ýyglan wagty agramy 9-12 g. Tohumy bilen ýyglan wagty agramy 35-38 g, tagamy gowy. Himiki düzümi % hasabynda 96% gury maddalar 2% beloklar we 2,l mg/% askorbin

kislotasyny saklaýar. Badyýan. Gruziýanyň ekerançylyk ylmy-barlag institutynda Shaltubanyň gök ekerançylyk tejribe stansiýasynda özbaşdak seçgi ýoly bilen döredildi. Ýapraklary göni durýan dörtburç aşak gaýtýan, ýapraklarynyň reňki ýaşyl, şekerligi köp bolýar, kökleri agymtyl-çal reňkli, uzynlygy 14 sm ýogynlygy    l,5 sm. Gowşak şahalanan görnüşdedir. Sort aralyk, 65-79 günden ýetişýär. Hasyllygy 365-817 s/ga. Önümiň ortaça agramy 77-113 g. Ýapraklarynyň himiki düzümi: 10,99-11,02%. Gury maddalar 2,59-2,66% uglewodlar we 140,4%-143,8 mg/% askorbin kislotasyny saklaýar.

 

Sadykowa Abadan,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba

hojalyk uniwersitetiniň talyby

 

Tatarystanyň Prezidentine türkmen alabaýy sowgat edildi

 

 

Ýene-de okaň

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk

Limon we onuň peýdalary

Ýadawlyk barada…

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”: XVI-jildi barada gysgaça maglumat