Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň atçylyk toplumynyň düýbüni tutmak çäresine gatnaşdy.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna degişli atçylyk toplumyny bina etmek üçin seçilip alnan ýeri makullap, 500 at saklamak üçin niýetlenen atçylyk toplumynyň taslamalary hem-de çyzgylary bilen tanyşdy.
Bu ýerde içeri işler ministri M.Çakyýew taýýarlanylan taslamalar hem-de toplumyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar we olarda dörediljek şertler barada döwlet Baştutanymyza hasabat berdi.
Toplumy gurmak üçin bölünip berlen ýer böleginiň umumy meýdany 40 gektara barabar bolup, onuň çäklerinde edara binasy, münberler, açyk manež, bedewler, taýlar hem-de höwür atlar üçin niýetlenen desgalar, weterinariýa binasy, ot-iým ammarlary, tehnikalar üçin niýetlenen desga, atlaryň türgenleşik meýdançasy, çapuw ýodasy, suw howuzlary, awtoduralga, karantin binasy we beýlekiler bar.
Soňra döwlet Baştutanymyz toplumyň binýadynda goýuljak ýadygärlik senenama gol çekdi.
Belent Serkerdebaşymyz täze desganyň düýbüniň tutulýan ýerine geldi. Bu ýerde ýöriteleşdirilen harby mekdebiň okuwçylary milli Liderimiziň toplumyň düýbüniň tutulyş dabarasyna ak pata bermegini haýyş etdi.
Hormatly Prezidentimiz ýadygärlik ýazgy ýerleşdirilen gutyny gurluşygyň binýadyna oklady.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, täze desganyň binýadyna beton garyndylaryny guýdular. Şeýle hem bu ýerde guralan ähmiýetli çärä Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän ýöriteleşdirilen 1-nji harby mekdebiň okuwçylary gatnaşdylar. Milli Liderimiz okuwçylar bilen söhbetdeş bolup, olaryň okuwlary, boş wagtlarynda näme bilen meşgullanýandyklary hem-de hünäre bolan höwesleri bilen gyzyklandy.