PEÝDALY MASLAHAT

Ýol-ulag hadysasy netijesinde ýetirilen zyýanyň öwezini doldurmak barada maglumat

Ýol-ulag hadysasy netijesinde ýetirilen zyýanyň öwezini doldurmagyň düzgünini düşündirseňiz?

Bu soragyň jogaby Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi saýtynda bellenişine görä, 1999-njy ýylyň 1-nji martyndan herekete girizilen Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 1034-nji maddasynyň birinji we üçünji böleklerine laýyklykda, ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak üçin niýetlenen ulag serişdeleriniň eýelik edijisi, eger onuň ulag serişdeleriniň ulanylmagy şahslaryň wepat bolmagyna, maýyp bolmagyna ýa-da saglygynyň bozulmagyna ýa-da zatlaryň zaýalanmagyna getiren bolsa, şonuň netijesinde ýüze çykan zyýanyň öwezini horluk görene dolduryp bermäge borçludyr.

Eger bir şahs ulag serişdesini oňa eýelik edijiden rugsat almazdan peýdalansa, ol ýeten zyýanyň öwezini ulag serişdesine eýelik edijä derek doldurmaga borçludyr. Şonda eger ulag serişdesiniň ulanylmagy oňa eýelik edijiniň günäsi sebäpli mümkin bolan bolsa, onda ýeten zyýanyň öwezini oňa eýelik ediji doldurmaga borçludyr. Eger ulanyjy ulag serişdesini dolandyrmak üçin oňa eýelik ediji tarapyndan bellenilen bolsa ýa-da şol ulag serişdesi oňa eýelik ediji tarapyndan berlen bolsa, ýokardaky birinji sözlemde beýan edilen düzgün ulanylmaýar.

 

Ýerden we ýer böleklerinden peýdalanmak hukugy barada maglumat

 

 

Ýene-de okaň

Arkadag şäherinde guruljak binalar boýunça bäsleşik

DW (Grin Kard): resminamalar kabul edişlik başlady

«Daýhanbank» banky: «Talyp karzy» bank karzyny hödürleýär

Sürüjilik kurslaryna e.gov.tm ýazylmak mümkinçiligi

Aşgabatda awtobus sürüjileri işe çagyrylýar

Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz müdirliginiň binasyny üçin bäsleşik