SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistan bilen Ysraýylyň saglyk ulgamynda hyzmatdaşlyk

2021-nji ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesow bilen Ysraýyl Döwletiniň Saglygy goraýyş ministri Ýuliý Edelşteýniň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Ysraýyl Döwletiniň Saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda 2021-2025-nji ýyllar üçin saglygy goraýyş we lukmançylyk ulgamyndaky Hyzmatdaşlyk Meýilnamasyna gol çekmek dabarasy boldy. Taraplar gol çekilen resminamanyň iki ýurduň arasynda saglygy goraýyş we lukmançylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň has-da ösmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Şeýle hem, taraplar dünýäde COVID-19 pandemiýasy bilen bagly çylşyrymly ýagdaýlar tamamlanandan soňra, özara saparlary gurnamak barada garaýyşlary beýan etdiler.

 

THY: içerki gatnawlar üçin rugsatnama

 

 

Related posts

Sanly pasport ulgamyny durmuşa geçirýär

Ata Watan Eserleri

Sanjymyň 4-nji dozasy edilýär

Green Card (Grin Kard) boýunça resminamalar haçan kabul edilip başlanýar?

Ata Watan Eserleri