SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Sanjymyň 4-nji dozasy edilýär

Ysraýylyň hökümeti 60 ýaşdan uly bolan adamlara “Pfizer/BioNTech” koronawirus sanjymynyň 4-nji dozasyny almagy maslahat berýär. Bu hem dünýäde “omikron” görnüşiniň çalt ýaýramagy bilen baglanyşyklydyr.

Ysraýylyň metbugatynyň habar bermegine görä, 60 ýaşdan uly bolan adamlar we lukmançylyk edaralarynyň işgärleri 4-nji dozany alyp bilerler. Sanjymy 3-nji dozany alandan soňra 4 aýdan soň almak maslahat berilýär.

Mälim bolşy ýaly, ikinji bilen üçünji dozanyň arasyndaky wagt aralygy 5 aýdan 3 aýa çenli azaldyldy.

Ysraýylyň Premýer-ministri Naftali Bennett raýatlary çalt sanjym bolmaga çagyrdy. Onuň bellemegine görä, Ysraýyl 3-nji dozany hem alyp başlan ilkinji ýurtlaryň biridir.

Bilşimiz ýaly, iýul aýynyň ahyrynda 3-nji doza 60 ýaşdan uly adamlara hödürlenip başlandy. Awgust aýynyň ahyrynda bolsa 16 ýaşdan ululara ikinji dozanyň üstünden 5 aý geçen bolsa 3-nji dozany almak maslahat berildi.

Ysraýylda 4-nji dozanyň edilmegi babatdaky çözgüt ýurtda “omikron” görnüşi bilen 150 wakanyň hasaba alnandygy baradaky maglumatdna soňra kabul edildi.

 

BSGG: “omikron” 106 ýurtda hasaba alyndy

Related posts

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Stambul ugurly ýörite gatnawlary dowam edýär

Hytaýyň raýatlary Russiýa 30 gün möhlet bilen wizasyz girip bilerler

Parfýumeriýa hakda bilmeli zatlaryňyz

Ata Watan Eserleri