PEÝDALY MASLAHAT

Ata-enelik hukugyndan mahrum edilmek we çaganyň atalygyny anyklamak barada gysgaça maglumat

Ata-ene, ata-enelik hukugyndan haçan mahrum edilýär?

Bu soragyň jogaby Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi saýtynda bellenişine görä, 2012-nji ýylyň 1-nji aprelinden herekete girizilen Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 93-njy maddasynyň laýyklykda, ata-ene (olaryň biri) şu ýagdaýlarda ata-enelik hukuklaryndan mahrum edilip bilner:

1) esasly sebäp bolmazdan, çaganyň dogluşy bolup geçen saglygy goraýyş edarasyndan ýa-da beýleki edaradan öz çagasyny almakdan ýüz dönderseler;

2) ata-enelik borçlaryny ýerine ýetirmekden ýüz dönderseler ýa-da öz ata-enelik hukuklaryndan hyýanatçylykly peýdalansalar;

3) çaga ýowuz çemeleşseler, oňa fiziki we (ýa-da) psihiki zorluk ulansalar;

4) özleriniň ahlaksyz hereketleri bilen çaga zyýanly täsir etseler;

5) arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da toksikomaniýadan ejir çekýän bolsalar;

6) öz çagasynyň ýa-da äriniň (aýalynyň) ömrüne we saglygyna garşy bilkastlaýyn jenaýat etseler.

Çaganyň atalygy haýsy edaralarda anyklanylýar?

2012-nji ýylyň 1-nji aprelinden herekete girizilen Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 69-njy maddasynyň birinji we ikinji böleklerine laýyklykda, çaga babatda atalygy anyklamak ata-enäniň RÝNÝ edarasyna berýän bilelikdäki arzasy esasynda, ýa-da kazyýetiň çözgüdi boýunça, ejesi ölende, ejesiniň kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilende, ol ata-enelik hukuklaryndan mahrum edilende, ejesiniň bolýan ýa-da onuň ýaşaýan ýerini anyklamak mümkin bolmadyk halatlarynda bolsa – çaganyň kakasynyň arzasy boýunça geçirilýär.

Çaganyň ejesi bilen nikada durmaýan adamyň çaga babatda atalygy anyklamak, bu adamyň we çaganyň ejesiniň RÝNÝ edarasyna bilelikdäki arzasy esasynda, ejesi ölende, ejesiniň kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilende, ol ata-enelik hukuklaryndan mahrum edilende, ejesiniň bolýan ýa-da onuň ýaşaýan ýerini anyklamak mümkin bolmadyk halatlarynda bolsa – çaganyň atalygynyň anyklanylmagyny isleýän adamyň arzasy esasynda, eger çaga on sekiz ýaşa ýetmedik bolsa, hossarlyk we howandarlyk edarasynyň razylygy bilen, şeýle razylyk bolmadyk mahalynda bolsa – kazyýetiň çözgüdi esasynda geçirilýär.

Eger çaganyň atalygyny anyklamak isleýän adamyň RÝNÝ edarasyna gelmäge mümkinçiligi bolmasa, onda ol atalygy anyklamak hakynda arzany iberip biler. Şu halatda ol adamyň arzadaky golunyň hakykydygyna notarial tertibinde güwä geçilen bolmalydyr.

 

 

Döwlet ýer kadastry we kadastr belgisi barada gysgaça peýdaly maglumat

 

 

Ýene-de okaň

Arkadag şäherinde guruljak binalar boýunça bäsleşik

DW (Grin Kard): resminamalar kabul edişlik başlady

«Daýhanbank» banky: «Talyp karzy» bank karzyny hödürleýär

Sürüjilik kurslaryna e.gov.tm ýazylmak mümkinçiligi

Aşgabatda awtobus sürüjileri işe çagyrylýar

Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz müdirliginiň binasyny üçin bäsleşik