PEÝDALY MASLAHAT

Aw baýlyklarynyň döwlet kadastryny ýöretmegiň tertibi barada…

Aw baýlyklarynyň döwlet kadastryny ýöretmegiň tertibi (mundan beýläk – Tertip) «Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 7-nji maddasynyň 7-nji bendine laýyklykda işlenip taýýarlandy we Türkmenistanyň çägindäki aw baýlyklary baradaky maglumatlary bir umumy resminama toplamagyň, jemlemegiň, peýdalanmagyň we ulgamlaşdyrmagyň tertibini kesgitleýär. Bu barada Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Döwlet kadastrynyň maglumatlary aw baýlyklarynyň ýaýramagyna, sanyna, fiziki ýagdaýyna, jyns we ýaş aýratynlygyna, şeýle hem haýwanlaryň ol ýa-da beýleki görnüşleriniň köpelmeginiň ýagdaýyna döwlet gözegçiligi (monitoringi) amala aşyrylanda, şeýle hem aw baýlyklaryny rejeli peýdalanmak we olary gorap saklamak babatda döwlet syýasaty emele getirilende we durmuşa geçirilende peýdalanylýar.

Related posts

Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz müdirliginiň binasyny üçin bäsleşik

Türkmenabatda 0655 belgisi boýunça gije-gündiz işleýän «Onlaýn taksi» hyzmaty açyldy

Döwlet ýer kadastry we kadastr belgisi barada gysgaça peýdaly maglumat

Ata Watan Eserleri