JEMGYÝET

 “Google” we “Atavatan” saýty bäsleşýär: häzirlikçe “Google” öňde

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň saýty “Google” bilen bäsleşýär. Ýöne häzirlikçe “Google” öňde barýar. Muny bir degişme äňeniňde hem kabul edip bilersiňiz. Sebäbi “Google” ýaly dünýä belli kompaniýa bilen bäsleşmek aňsat däl. Ýöne biziň döredijilik toparymyz üçin bu sanawdaky saýtymyzyň derejesi bizi has-da belent sepgitlere ýetmek üçin ruhlandyrýar.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýty Türkmenistanda bolup geçýän wakalary gyzgyny bilen okyjylar köpçüligine ýetirmek boýunça iş alyp barýar. Saýtymyz bolan gyzyklanma her geçen gün artýar.

Saýtymyz Türkmenistan baradaky habarlary ýaýradýan saýtlaryň arasynda birinji we  Türkmenistandan girilen saýtlaryň arasynda ikinji orna ýerleşdi. Bu ugurda birinji orunda “Google” saýty durýar.

Web saýtlaryň reýtingi baradaky maglumatlar boýunça iň ygtybarly merkezleriň biri kabul edilýän “Amazon” kompaniýasyna degişli bolan “Alexa Rank” 2021-nji ýylyň 14-nji aprelindäki maglumatlaryna görä,  saýtymyz 2-nji orna ýerleşdi.  Reýtingiň 1-nji orny “Google” halkara saýtyna degişlidir. Bellemeli zat, bu maglumatlar yzygiderli üýtgäp durýar.

Global reýtingde Ilkinji 5000-lik

Häzirki wagtda dünýäde jemi 400 milliona barabar web saýt hereket edýär we Siz bu habary okap gutarýançaňyz bu sanawa 1000 saýt goşulýar. Ine biziň saýtymyz şeýle millionlarça saýtyň arasynda global reýtingde ilkinji 5000 saýtyň arasyna girýär!

 

Ýadyňyzda bolsa golaýda, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň şeýle sanawda degişlilikde 1-nji we 3-nji orunda durýandygyny belläp geçipdik.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly Türkiýe Respublikasynda esaslandyrylan halkara žurnal bolup, ýurdumyzda öz işlerini Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen “Daşary ýurt žurnalistleriniň Akkreditasiýa Şahadatnamasy” esasynda alyp barýar. Şeýle şahadatnama diňe “Reuters”, “AP”, “France Press”, “TRT” we “Ria Nowosti” ýaly abraýly halkara metbugat edaralarynda bardyr.

Makul Sözlük Applikasiýasyny indirmek üçin şu ýere basyň!

Atavatan Applikasiýasy täzelendi: Intellektual sahypamyz goşuldy

 

Çagalar üçin sözlük indi “offline” hem işleýär

 

Çagalar üçin sözlük: Suratly Sözlük-Makul Sözlük

 

 

Oraza wagtlaryň hasaplaýjysy hyzmatyňyzda

 

Türkmenistan boýunça agyz beklenýän we açylýan wagtlar

 

 

Ýene-de okaň

«Türkmentel ─ 2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahaty açyldy

Birol Güwen: Türk dünýäsi bilen bilelikdäki filmleri surata düşürmek taslamamyz bar

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwaly başlady

Ata Watan Eserleri

Baýraktar: Türkmenistanyň gazyny Azerbaýjanyň üsti bilen almak mümkin

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler

Türkmenistan “ITTC-2024” halkara ulag forumyna taýýarlyk görýär

Ata Watan Eserleri