SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Haýwanlar üçin ilkinji koronawirus sanjymy bellige alyndy

Russiýanyň Weterinariýa we fitosanitar gözegçilik boýunça federal gullugynyň alymlary tarapyndan işlenip düzülen haýwanlar üçin koronawirusyň täze görnüşine garşy dünýäde ilkinji sanjym Russiýada hasaba alyndy. Bu barada gullugyň başlygynyň orunbasary Konstantin Sawenkow habar berdi.

– Russiýanyň Weterinariýa we fitosanitar gözegçilik boýunça federal gullugynyň garamagyndaky Haýwanlaryň saglygyny goramak boýunça federal merkez tarapyndan işlenip düzülen “Karniwak-Kow” sanjymy Russiýada hasaba alyndy. Ol häzirki wagtda koronawirus poandemiýasyna garşy haýwanlar üçin ulanylyp bilinjek ilkinji derman serişdesidir – diýip, Sawenkow belläp geçdi.

Onuň aýtmagyna görä, bu sanjymyň köpçülikleýin önümçiligine aprel aýynda girişiler. Ony Haýwanlaryň saglygyny goramak boýunça federal merkeziň binýadynda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

Bu sanjymyň kliniki synaglary geçen ýylyň oktýabr aýynda başlapdy we sanjym itlerde, pişiklerde, tilkilerde we beýleki jandarlarda barlanyp görüldi. Şonuň netijesinde, sanjymyň zyýanly däldigi, immun işjeňliginiň ýokarydygy anyklandy.

Russiýanyň bu öndüren sanjymyna daşary ýurtdan hem uly gyzyklanmanyň bardygy mälim edildi. Hususan-da, Gresiýa, Polşa, Awstriýa, şeýle hem ABŞ, Kanada we Singapur ýaly ýurtlar hem gyzyklanma bildirýär.

Sanjym aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Sebäbi Haýwanlaryň saglygyny goramak boýunça Bütindünýä guramasynyň belläp geçişi ýaly, haýwanlaryň käbir görnüşleri koronawirus ýokanjyna sezewar bolýarlar.

 

Koronawirus sebäpli Ýewropa serhetlerinde gözegçilik güýçlendirilýär

 

Ýene-de okaň

Türkiyäniň syýahatçylyk pudagy rekord görkezijilere eýe bolýar

Ata Watan Eserleri

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Mardiniň ajaýyp aşhanasyna we baý taryhyna syýahat

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy