SPORT

At çapyşyklarynyň şowhuny has-da artdyrylar

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

İş maslahatynda wise-premýer E.Orazgeldiýew ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmek we at çapyşyklarynyň geçirilişini has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabat berdi.

Ýurdumyzda geçirilýän at çapyşyklarynyň şowhunyny has-da artdyrmak, meşhur ahalteke bedewleriniň atlaryny ebedileşdirmek, şeýle hem halkara tejribelere we milli däp-dessurlarymyza laýyklykda, at çapyşyklarynyň geçirilişini döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, baýramçylyk at çapyşyklarynda goýulmagy teklip edilýän kuboklaryň we baýraklaryň taslamalary işlenip taýýarlanyldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň, “Ak şäherim — Aşgabat”, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň göçme kuboklarynyň, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň, “Watan goragçysy”, welaýatlaryň göçme kuboklarynyň görnüşleri, türkmen topragynda şöhrat gazanan, ýyndamlykda hem-de owadanlykda taý bolmadyk “Akhan”, “Boýnaw”, “Garader”, “Gelşikli”, “Nusaý, “Pereň», “Polatly”, “Ýanardag”, “Meleguş” ýaly türkmen bedewleriniň atlaryna goýuljak baýraklaryň görnüşleriniň taslamalary döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.

SANLY TOTALIZATOR OÝUNLARY ÖSDÜRILER

Hasabatyň çäklerinde wise-premýer halkara tejribelerden ugur alnyp, atçylyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak we girdejilerini ýokarlandyrmak maksady bilen, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi tarapyndan “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen bilelikde, at çapyşyklarynda goýumly oýunlary, ýagny totalizator oýunlaryny geçirmek üçin ýörite programma üpjünçiliginiň we onuň mobil goşundysynyň taýýarlanandygyny habar berdi hem-de olary atlandyrmak we onuň nyşanyny kesgitlemek üçin birnäçe teklipleri hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şöhratly pederlerimiziň döreden we dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant hasaplanylýan milli gymmatlyklarymyzyň giňden wagyz edilmegi, bedewleriň hormatyna guralýan baýramçylyk dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz hödürlenen taslamalar we teklipler bilen tanşyp, käbir degişli maslahatlaryny berdi we olary, umuman, tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda döwrüň ösen tehnologik önümçiliklerini ornaşdyrmaga, şol sanda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmaga uly ähmiýet berilýändigine ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleri atçylyk pudagynda, şol sanda at çapyşyklaryny döwrebap derejede geçirmekde hem işjeň ulanyp, bu meseleleriň çözülmegine yzygiderli üns bermegiň zerurdygyny tabşyrdy.

 

Çagalar üçin sözlük: Suratly Sözlük-Makul Sözlük

 

 

 

Ýene-de okaň

Aleksandr Usik-Taýson Fýuri: ýylyň boksy Saud Arabystanyda geçiriler

Gwardiola “Mançester Siti” topary bilen 2 ýyllyk täze şertnama baglaşdy

Ata Watan Eserleri

Meşhur Rafael Nadal tennis bilen hoşlaşdy

Gwardiola üçin täze teklip

Maýk Taýson-Jeýk Pol: boks tutluşygynyň rekordlary

Maýk Taýson Jeýk Poldan ýeňildi