SPORT

Ýewro-2020: iň ýaş ýygyndy

Mälim bolşy ýaly, ýene-de sanlyja günden futbol boýunça Ýewropa çempionaty badalga alar.

11-nji iýun-11-nji iýul aralygynda geçirilen Ýewro-2020 çempionaty üçin gatnaşjak 24 milli ýygyndynyň düzümi mälim edildi. Bu ýerde ýurtlaryň milli ýygyndylarynyň ýaşlary boýunça seljerme geçirildi. Ondan milli ýygyndydaky futbolçylaryň ýaşlary boýunça ýygyndynyň ortaça ýaşy kesgitlendi.

Şoňa laýyklykda:

Iň ýaş topar: Türkiýäniň milli ýygyndysy boldy. Toparyň ortaça ýaşy 24.9 ýyl. Soňra bu sanawda Angliýa (25.2), Uels (25.5), Ukraina (26.4) we Ispaniýa (26.5) gelýär.

Şeýle hem bu çempionat barada gyzykly maglumatlar:

  • Topara ýaňy goşulan futbolçylaryň sanawynda birinji orny polşaly Kasper Kozlowski eýeledi. Ol bary-ýogy milli ýygyndysynyň düzüminde 2 duşuşykda çykyş etdi.
  • Çempionatyň iň ýaş topar kapitanlary: 30 ýaşdan kiçi bolanlar – Endrýu Robertson (Şotlandiýa), Harri Keýn (Angliýa) we Granit Jaka (Şweýsariýa).
  • Kristiano Ronaldo ÝEwropa çempionatynyň weterany hasaplanýar. Ol 5-nji gezek Ýewropa çempionatyna gatnaşýar we bu ugurda öňdeligi eýeleýär.

Ýewro-2020-niň iň ýaş futbolçylary:

* Kasper Kozlowski – Polşa: 17 ýyl 243 gün

* Jud Bellingem – Angliýa: 17 ýyl 352 gün

* Jamal Musiala – Germaniýa: 18 ýyl 110 gün

* Pedri – Ispaniýa: 18 ýyl 203 gün

* Ilýa Zabarnyý – Ukraina: 18 ýyl 288 gün

Ýewro-2020-niň iň garry futbolçylary:

* Marten Stekelenburg – niderlandlar: 38 ýyl 272 gün

* Kreýg Gordon – Şotlandiýa: 38 ýyl 172 gün

* Pepe – Portugaliýa: 38 ýyl 115 gün

* Goran Pandew – Demirgazyk Makedoniýa:  37 ýyl 329 gün

* Ýuriý Žirkow – Russiýa: 37 ýyl 305 gün

 

Habib futbolçy bolar

Ýene-de okaň

Žoze Mourinýo 13 ýyldan soňra ýene-de “Reala” dolandy

Türkmenistanyň türgenleri 2026-njy ýylyň ilkinji bäş aýynda 301 medal gazandy

Dünýä çempionatynyň iň tejribeli emini – Rawşan Irmatow

Aziz Ýyldyrym “Fenerbahçeniň” 35-nji prezidenti boldy

Florentino Peres “Real Madridiň” prezidenti wezipesine täzeden saýlandy

«Arkadag» futbol toparynyň nobatdaky üstünligi

Ata Watan Eserleri