DÜNÝÄ

Türkmen-saud energetika hyzmatdaşlygy ösdürilýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň «Somo Al Mamlakah» Saud kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Abdullah Al Şugairi bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi.

Işjeň gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň nebitgaz, himiýa senagaty we maýa goýum ulgamlarynda özara bähbitli gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ygrarlydyklaryny belläp geçdiler.

Şunlukda, öň gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek maksady bilen, taraplar Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň, şeýle-de energetika ulgamyndaky beýleki geljegi uly taslamalaryň oňyn amala aşyrylmagy boýunça bilelikdäki işleriň has hem işjeňleşdirilmeginiň derwaýyslygyny nygtadylar.

 

Dört Prezident göni ýaýlymda waksina kabul etdi

 

 

Related posts

Metbugat ýygnagy: Türkmenistan Owganystany hemmetaraplaýyn goldaýar

Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Ata Watan Eserleri