SPORT

Ronaldonyň ýene-de bir üstünligi

Italiýanyň “Ýuwentus” toparynyň portugaliýaly hüjümçisi Kristiano Ronaldo tapawutlanmak babatynda ýene-de bir üstünlige eýe boldy. Italiýanyň “Seriýa A”çempionatynyň 25-nji tapgyrynda “Ýuwentus” topary “Ýuwentus Stadium” stadionynda “Spezia” toparyny kabul etdi. Toparda Morata 62-nji, Kiesa 71-nji, Ronaldo 89-njy minutlarda tapawutlanyp, garşydaşyny 3:0 hasaby bilen ýeňmegi başardy. Häzirki wagtda dowam edip duran çempionatda Ronaldonyň 20 goly bar. Şeýlelik bilen Ronaldo soňky 12 möwsümde Ýewropanyň iň gowy 5 sany futbol çempionatynda azyndan 20 pökgi geçirmegi başardy. 36 ýaşly portugaliýaly hüjümçi şeýle netijäni gazanan ilkinji futbolçy boldy.

 

Bassyr 21 oýundan bäri ýeňip gelýär

 

 

Related posts

50 ýyldan soňra çempion boldy

«Galkan» onunjy gezek Türkmenistanyň hokkeý boýunça çempiony boldy

AFK-nyň Çempionlar ligasy – 2: «Arkadag» hem-de «Ahal» toparlarynyň garşydaşlary belli boldy