TEHNOLOGIÝA

Ilon Maskyň täze maksady: uçýan ulag

ABŞ-nyň “Tesla” we “SpaceX” kompaniýalarynyň ýolbaşçysy Ilon Mask täze maksatnamasyny mälim etdi. Onuň geljek ýyllar üçin öňünde goýan maksatlarynyň biri hem uçýan ulagdyr. Şonuň üçin Maskyň “Tesla Roadster” kysymly ulagyny uçýan ulaga öwürmegi meýilleşdirýändigi mälim edildi.

Mask bu barada beren beýanatynda bu ulagyň adamlar üçin ygtybarly hem-de howpsuz bolmagyny gazanmak üçin tagalla edýändigini belledi.

Radioýaýlymlaryň biri bilen geçiren söhbetdeşliginde Ilon Mask täze maksatnamasynyň uçýan ulag öndürmek bolup durýandygyny belläp, munuň howpsuz bolmagyny üpjün etmek, ony has ýokaryda däl-de, belli bir derejede uçurmak üçin iş alyp barýandyklaryny belledi.

“Tesla” kompaniýasy birnäçe ýyl bäri “Roadster” modeliniň üstünde işleýär. Mask bu modeliň inženerçilik işiniň şu ýyl tamamlanmagyna garaşylýandygyny we 2022-nji ýylda bazara çykarmagy göz öňünde tutýandyklaryny mälim etdi.

 

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

Ýene-de okaň

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi