DÜNÝÄ

Türkmenistanda “Taliban” hereketiniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylarynyň «Таliban» hereketiniň syýasy edarasynyň ýolbaşçysy Molla Abdul Gani Baradaryň baştutanlygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi.

Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda taraplar Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy ýola goýmagyň hem-de saklamagyň derwaýyslygyny belläp geçdiler.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň köp ýyllaryň dowamynda owgan halkyna ähmiýetli goldaw berýändigi, ilkinji nobatda energetika, ulag we aragatnaşyk ulgamlary ýaly wajyp strategiki ugurlarda owgan ykdysadyýetiniň ösüşine ýardam edýändigi aýratyn nygtaldy.

«Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan» gaz geçirijisi, «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan» ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy, şeýle-de Türkmenistany Owganystan bilen baglanşdyrýan demir ýollar agzalan ulgamlardaky möhüm taslamalar bolup durýandyr.

«Таliban» hereketiniň syýasy edarasynyň wekiliýeti owgan halkynyň abadançylygynyň we gülläp ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilen ýokarda görkezilen infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň prosesini hemmetaraplaýyn goldaýandygyny beýan etdi.

Gepleşikleriň jemleri boýunça owgan wekiliýeti metbugata ýüzlenme bilen çykyş etdi we žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi.

 

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

Ýene-de okaň

Tbiliside Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ylmy maslahat geçirildi

Günorta Koreýanyň ýörite wekili bilen duşuşyk

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada Halkara Zähmet Guramasynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi

Bişkekde Türkmenistanyň bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi

Jakarta dünýäniň iň uly megapolisi boldy

Türkmenistanyň Marokko Patyşalygyndaky Ilçisi ynanç hatlaryny gowşurdy