JEMGYÝETSENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

Hepdelik täleýnama (1-7-fewral)

2021-nji ýylyň 1-7-nji fewraly aralygynda hepdelik täleýnamanyň synlary. Bu hepde hamal, sowur, jöwza, seretan, eset, sünbüle, mizan, akrap, kowus, jedi, daluw, hut ýyldyzy astynda doglanlara nämeler garaşýar?!

Hamal (guzy 21.03-20.04)

Bu hepdede hamallar gyssanman işläp, güýç-kuwwatlaryny dikeltmelidirler. Hepdäniň başynda olar özlerini gowşak alyp bararlar. Uzak wagtlap köp işländikleri muňa sebäp bolup biler. Şonuň üçin bu hepdede olara gowy dynç alyp, ýitiren güýçleriniň öwezini dolmak maslahat berilýär. Onuň üçin işiňizi taşlamak hökman däl, ozalkylardan biraz haýalrak, maýdalyna işläbermeli.

Sowur (öküzçe 21.04-20.05)

Bu hepdede sowurlaryň durmuşynda täzelikler bolar. Has takygy, olary bu aýda ýyldyzlar gorag astyna alarlar. Şonuň netijesinde berk durmuş garaýyşlary bolan sowurlar dürli hyýallaryň ugrunda gezerler. Bu hepdäniň wakalary sowurlaryň durmuşyna birnäçe gowulyklary getirer. Döredijilik bilen meşgullanýan sowurlar üçin hepde netijeli bolar.

Jöwza (ekizekler 21.05-21.06)

Jöwzalaryň hepdäniň dowamyndaky keýpi jemgyýetçiligiň ýagdaýyna bagly bolar. Ýyldyzlar size diňe öňe garamagy, ösüş-özgerişlerden ruhlanýan adamlar bilen gatnaşmagy maslahat berýärler. Bu hepdede jöwzalaryň iş, hünär, şeýle-de maddy-üpjünçilik babatdaky ýagdaýlary gowulanar. Özara bähbitli gepleşikleriň ýola goýulmagy ýaly wakalar bolar.

Seretan (leňňeç 22.06-22.07)

Seretan ýyldyzyň astynda doglanlar üçin bu hepde dürli wakalara baý bolar. Olaryň öňünde birbada ençeme mümkinçilikler açylar. Haýsy ýoly saýlajaklary bolsa, olaryň özlerine bagly. Seretanlary ýyldyzlar öz gorag astynda saklaýar. Hepdäniň wakalary olara işde, wezipe, hünär orunlarynda üstünlik, şahsy durmuşlarynda bagt we ýakymly duýgulary peşgeş eder.

Eset (ýolbars 23.07-23.08)

Bu hepdede esetleriň durmuşynyň üýtgeşik wakalara baý bolmagy mümkin. Bu ýyldyzyň astynda doglanlaryň köpüsi hepdäniň dowamynda duran ýerlerine nähili ýagdaýda düşendigine haýran galarlar. Bu hepdede esetler öz kalplaryny diňläp, golaý adamlaryndan ruhubelentligi öwrenmelidirler. Maddy-üpjünçilik babatda olaryň girdejileri artyp, gazanç çeşmeleri köpeler.

Sünbüle (gyz 24.08-23.09)

Bu hepdede sünbüleleriň köpüsi gowy durmuş ýoluna düşerler. Hepdäniň wakalary olaryň öz-özüne düşünmegi üçin amatly şertleri döreder. Bu hepdede sünbülelere iş, hünär orunlarynda ösüşler garaşýar. Maddy-üpjünçilik ýagdaýlary artyp, täze teklipleriň gelip gowuşmagy, şertnamalaryň baglaşylmagy mümkin. Şeýle hem bu hepdede daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin mümkinçilik artar.

Mizan (terezi 24.09-23.10)

Bu hepdede mizanlaryň ähli aladalary bir gyra süýşürip, asuda bir ýerlere gidesi geler. Öňden galan işleriňizi dowam ediň. Esasan hem işiňiz söwda-satyk bilen bagly bolar. Mizanlar bu günler dünýägaraýyşlaryny giňeltmäge, ruhy ýagdaýlaryny sazlamaga sarp etmelidirler. Olary gorag astyna alýan ýyldyzlaryň kömegi bilen mizanlaryň maşgalasynda agzybirlik, rysgal-bereket, asudalyk höküm sürer.

Akrap (içýan 24.10-22.11)

Bu hepdede akraplaryň durmuşynda rowaçlyklar köpeler. Hepdäniň şowly pursatlaryny gaçyrmazlyk üçin eserdeň boluň. Ýakyn günlerde akraplar bütin durky bilen işlerine berlerler. Işleýän wagtyňyz kämahal töweregiňize-de ser salyň. Siziň bilen söhbetdeş bolmak isleýän adamlaryň bardygyny unutmaň. Bu hepdede akraplarda täze pikirler, döredijilik we işewürlik başarnyklary dörär.

Kowus (keman 23.11-21.12)

Bu hepdede kowuslaryň ümzügi öňe bolup, olar täze gözýetimleri boýun egdirmegiň ugrunda bolarlar. Bu hepdede kowuslar rahatlygy unudarlar, ýakyn adamlarynyň hem olara düşünmekleri gerek. Olar täze pikirlere aşa berlip, dynç almagy hem unudarlar. Kowuslary söýgi ýyldyzy goldaýar. Şonuň üçin olaryň maşgala ojaklarynda söýgi, agzybirlik ýaly mähirli gatnaşyklar höküm sürer.

Jedi (owlak 22.12-20.01)

Bu hepdäni jediler aram ýagdaýda geçirerler. Bu ýyldyzyň astynda doglanlar ýadawlygy duýmazlary ýaly, dynç almak hakynda pikirlenmelidirler. Emma ýagdaýlar muňa ýol bermez. Jedileriň hünär, iş meselelerinde, şahsy durmuşlarynda ykbal öwrülişikli wakalaryň bolmagy mümkin. Olaryň dost-ýarlary, garyndaşlary, şeýle hem maşgala agzalary bilen gatnaşyklary has-da gowulanar.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Bu hepdede daluwlaryň işi köpeler we olar wagtynyň aglabasyny peýdaly işe sarp etmeli bolarlar. Şunda olar geçen ýyllaryň tejribesinden peýdalansalar artykmaçlyk etmez. Bu ýyldyzyň astynda doglanlar dynç almagyň nähili ýakymlydygyna göz ýetirerler. Hepde daluwlara hünär we wezipe basgançagynda ösmek üçin amatlydyr. Şeýle hem bu döwür bilelikde telekeçilik işini alyp barmak üçin hem şowludyr.

Hut (balyk 21.02-20.03)

Bu hepde hutlar üçin täzeliklere baý bolar. Olaryň ruhy hem maddy-üpjünçilik ýagdaýlary has-da gowulanar. Ýyldyzlar hutlara pul bilen bagly gümürtik işlere baş goşmazlygy maslahat berýär. Bu hepdede maliýe, gazanç meselelerinde töwekgelçilige ýol bermäň, bar bolan emlägiňizi saklamaga çalşyň. Bu hepdede maşgalaly hutlara toý tutmak, jaý almak ýaly ýakymly wakalar garaşýar.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Ja­ny­ňyz sag, iş­le­ri­ňiz ug­ru­na bol­sun!

 

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

Ýene-de okaň

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili bilen duşuşyk

Ata Watan Eserleri

Duşenbe şäherinde türkmen-täjik syýasy geňeşmeler geçirildi

Türkmen kinosy Germaniýada görkezildi

Bosniýa we Gersegowina Türkmenistana täze ilçi belledi

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys