JEMGYÝET

Türkmenistanyň raýatynyň biometrik pasporty barada…

Dünýäde ýüze çykan ýiti ýokanç keselleriniň pandemiýasy bilen bagly halkara gatnawlaryna girizilen çäklendirmeleriň netijesinde, häzirki wagtda daşary ýurt döwletlerinde wagtlaýyn bolýan ýa-da hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak maksady bilen, şeýle hem “Migrasiýa hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 29-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, daşary ýurt döwletlerinde wagtlaýyn bolýan ýa-da hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň hereket ediş möhletleri 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwary 2024-nji ýylyň 30-njy dekabry aralygynda tamamlanýan Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportlarynyň hereket ediş möhletleri 2024-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzadyldy.

Related posts

21-nji awgustdaky howa maglumaty

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa — ABŞ» formatyndaky sammite gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda 14-nji fewralda saýlaw möwsümine badalga berilýär

Ata Watan Eserleri