DÜNÝÄ

Şamuhammet Durdylyýewe täze wezipä berildi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezindäki binalaryň we desgalaryň gurluşyklary bilen tanyşdy we şol ýerde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Şamuhammet Durdylyýew Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi wezipesine bellendi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimligi döredildi.

Şamuhammet Durdylyýewiň gurluşyk we şäher dolandyryşy boýunça uly tejribesi bar. Hünär boýunça gurluşyk inženeri bolmak bilen, gurluşyk ulgamyna degişli dürli wezipelerde işledi. Ol Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary we Aşgabat şäheriniň häkimi ýaly wezipeleri alyp bardy. 2021-nji ýylyň iýulynda “Aşgabat-siti” gurluşyk kärhanalarynyň direksiýasynyň ýolbaşçysy wezipesine bellenipdi.

 

Türkmenistanyň raýatynyň biometrik pasporty barada…

Ýene-de okaň

Gazagystanyň atçylyk sporty federasiýasy Niderlanddaky ahalteke atlarynyň çempionatyna çagyryldy

Kataryň ozalky emiri Şeýh Hamad bin Halifa Al Tani aradan çykdy

Kasym-Žomart Tokaýew Donald Trampy Gazagystana çagyrdy

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatorynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy