TEHNOLOGIÝA

“Apple” planşet bazarynda öňdeligi eýeleýär

“IDC” kompaniýasynyň hünärmenleri 2020-nji ýylyň soňky çärýeginiň we umuman planşet tehnologiýasynyň bazaryndaky ýylyň netijelerini jemläpdirler. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, 2020-nji ýylyň dördünji çärýeginde bu enjamlaryň 52,2 milliony sanysy satylypdyr. Bu bolsa 2019-njy ýylyň dördünji çärýegi bilen deňeşdirilende 19,5% göterim köp diýmek bolýar. 2017-nji ýylda bolsa planşetleriň 49,9 milliony satylypdyr. Ýylyň jemi boýunça sanawda “Apple” kompaniýasy öňde saklanmagy başarypdyr. Geçen ýyl bu kompaniýa 19,5% göterim planşetlerini satypdyr we bazardaky paýy bolsa 36,5% göterim derejä ýetmegi başarypdyr.

Ikinji orunda “Samsung” kompaniýasy ýerleşipdir. Olaryň satuwy 44,9% göterim ýokarlanyp, paýy bolsa 19,3% göterime barabar bolupdyr.

Üçünji oruny “Lenovo” kompaniýasy eýeläpdir. Kompaniýanyň satuwy 120,6% göterim ýokarlanypdyr, paýy bolsa 10,7% göterime çenli ýetipdir. Dördünji orunda “Amazon.com”, bäşinji orunda bolsa “Huawei” kompaniýalary ýerleşipdirler. Tutuş bazaryň satuw derejesi bolsa 13,6% göterime çenli ösmäge başarypdyr.

 

Täleýnama Sahypamyz

“Ýyldyzlar näme diýýär” –eger bu soragyň jogaby Sizi gyzyklandyrýan bolsa onda bu sahypamyzy yzygiderli yzarlaň!

 

 

Ýene-de okaň

Hünärmenler sanly enjamlaryň zyýanly täsirlerini düşündirdiler

Emeli intellekti işjeň ulanýan döwletler

“Starlink” Gazagystanda ýörite internet hyzmatlaryny bermäge başlady

Ýewropada emeli intellekt: “Audi”, “Siemens” we “Bosch” zawodlaryna ornaşdyrylýar

Hytaý Merkezi Aziýa bilen awiasiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

“OpenAI” täze nesil emeli intellekt modeli — “GPT-5”-i hödürledi