SPORT

Messi “Barselona” näçe gazandyrdy?

Ispaniýanyň “Barselona” topary 2017-nji ýyldan bäri dünýä belli futbolçy Lionel Messiniň hasabyna 619 million ýewro gazandy. Bu barada sport neşirleri habar berýär.

Bu girdeji görkezijileri futbolçynyň köýnekçeleriniň satuwyndan, hemaýatkärlik şertnamalaryndan hem-de we beýleki girdeji çeşmelerinden emele geldi.

Neşirleriň habar bermegine görä, “Barselona” toparynyň soňky 4 ýyldaky girdejisiniň 30 göteriminde Messiniň paýy uludyr. Messi bolmadyk bolsa, topar 619 million ýewro girdeji gazanyp bilmezdi.

Golaýda, Ispaniýanyň “El Mundo” neşiri Messiniň 2017-nji ýylda “Barselona” topary bilen baglaşan häzirki şertnamasynyň käbir aýratynlyklaryny çap edipdi. Şonda Messiniň bu şertnama esasynda 555 million ýewro alandygy mälim edilipdi.

 

Saglyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!

 

 

Related posts

Çempionlar Ligasy: “Liwerpul” ýarym finala bir ädim golaýlady

Türkmenistanda “Iň ökde oýunçy” – Elman Tagaýew

Boksçy Floýd Maýweýzer indiki tutluşygyny mälim etdi

Ata Watan Eserleri