SPORT

Ispaniýanyň Superkubogyny “Atletik” eýeledi

Ispaniýanyň Superkubogynyň eýesi “Atletik Bilbao” topary boldy. Bu topar final duşuşygynda “Barselona” toparyny 3:2 hasabynda ýeňdi. Duşuşygyň ýatda galan wakalarynyň biri hem Lionel Messiniň öz toparyndaky ilkinji gyzyl petegi görmegi boldy.

“Barselona” toparyndan 40-njy hem-de 77-nji minutlarda Antuan Grizmann tapawutlandy. Ýeňiji bolan toparda bolsa 42-nji minutda Oskar de Markos, 90-njy minutda Asýer Wilýalibre we 94-nji minutda Inýaki Uilýams gollary öz adyna ýazdyrdy.

Goşmaça minutlaryň ahyrynda Lionel Messi gyzyl petek alyp oýundan çykdy. Ol katalon toparynyň düzüminde şu wagta çenli oýnan 753 duşuşygynda ilkinji gezek gyzyl petek aldy.

“Atletik Bilbao” topary 3-nji gezek bu naýbaşy kubogy eýeledi. Mundan ozal, 1984-nji we 2015-nji ýyllarda bu kubogyň eýesi bolan “Atletik Bilbao” topary Ispaniýanyň çempionatynyň güýçli toparlaryň biridir.

Bu naýbaşy kubogy iň köp “Barselona” topary gazanyp, toparyň hasabynda 13 kubok bar.

Bu ýaryş 1982-nji ýyldan bäri geçirilýär. Oňa çempionatyň ýeňijileri we ýurduň kubogyny gazanan toparlar gatnaşýar. 2019/2020-nji möwsümden bäri Ispaniýanyň Superkubogy 4 toparyň gatnaşmagynda mini-bäsleşik hökmünde geçirilýär.

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

 

 

 

Ýene-de okaň

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy