SPORT

Umtiti “Barselonada” galarmy…

Angliýanyñ “Arsenal” we “Çelsi” toparlary golaýdaky transfer möwsüminde “Barselona” toparynyñ fransiýaly goragçysy Samuel Umtitini düzümine goşmak isleýärler. Eger-de Samuel Umtiti çykyş edýän toparyndan nägilelik bildirse we özüne laýyk gelýän şertlerini toparyñ ýolbaşçylaryna hödürlese, onda 26 ýaşly Umtiti “Barselona” topary bilen hoşlaşmaly bolar. Umtiti häzirki wagtda “Barselona” toparynyñ ilkinji 11-likde hem ýerini ýitirdi. 2016-njy ýylda Umtiti Fransiýanyñ Lýon toparyndan “Barselona” toparyna transfer edildi. Katalon toparynyñ düzüminde Umtiti Ispaniýanyñ çempionatyny, kubogyny we superkubogyny gazandy. Şeýle hem Samuel Umtiti Fransiýanyñ milli ýygyndysynyñ düzüminde 2018-nji ýylda dünýä çempiony diýen adyny hem gazandy.

Related posts

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Transferden iň köp girdeji gazanan topar

Katar-2022: Braziliýa we Portugaliýa indiki tapgyra çykdy