SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Tailand 5 million syýahatça garaşýar

Pandemiýa sebäpli Tailand 2021-nji ýylda bäş million daşary ýurtly syýahatçyny kabul edip biler. Bu barada “Bangkok Post” neşiri ýurduň Syýahatçylyk we sport ministrligine salgylanyp habar berdi. Tailand üstümizdäki ýylda 10 million syýahatça garaşýardy.

– Häzirki şertlerde şu ýyl bäş million myhmany kabul edip bilsek, üstünlik bolar – diýip, syýahatçylyk we sport ministri Phiphat Ratçakitprakarn gürrüň berdi.

Esasy üns Hytaý, Hindistan ýa-da Malaýziýa ýaly goňşy ýurtlardan dynç alýanlara gönükdiriler. Bu üç ýurtdan gelenler 2019-njy ýylda Tailanda gelen 39,8 million daşary ýurtlunyň 40 göterimini düzdi.

Syýahatçylyk edarasynyň ýolbaşçysy diňe Aziýa bazarynyň Tailanda syýahatçylyk maksadyna ýetmäge kömek edip biljekdigini belledi.

Syýahatçylyk we sport ministri  ýurduň Premýer-ministri we saglygy goraýyş ministrligi bilen sanjym meýilnamasyna başlangyç döwürde – fewral aýynda syýahatçylyk işgärlerini goşmagyň mümkinçiligi barada pikir alyşmagy meýilleşdirýär.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

 

Related posts

Öýken düwnük keseline garşy ilkinji sanjymy işläp düzýärler

Ata Watan Eserleri

Russiýa Federasiýasy üçin wiza almak

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamyna bagyşlanan halkara forum