SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamyna bagyşlanan halkara forum

Şu ýylyň 10-11-nji oktýabrynda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergisi we maslahaty geçiriler. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly,  halkara sergä halkara guramalaryň hem-de we daşary ýurtlaryň derman serişdelerini, lukmançylyk we sport maksatly önümlerini öndürmäge, işläp taýýarlamaga ýöriteleşen 30-dan gowrak ýurtdan 150-den gowrak kompaniýasynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Şeýle hem sergi bilen utgaşykly geçiriljek ylmy maslahata dünýäniň 20 gowrak döwletinden daşary ýurtlaryň esasy ýokary okuw mekdepleriniň alymlaryny we professorlaryny bir ýere jemlär.

 

Related posts

Aralyk uzaldylar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Londona 2-nji gatnawyny açmagy meýilleşdirýär

Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda howa gatnawynyň ýola goýulmagy mümkin

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment