TEHNOLOGIÝA

Kosmosa ilkinji raýat uçuşy meýilleşdirilýär

ABŞ-ly işewür Ilon Maskyň eýeçiligindäki “SpaceX” kompaniýasy şu ýyl kosmosa ilkinji raýat uçuşyny meýilleşdirýär. Işewür adam Jared Isakman we saýlanjak 3 adam 2021-nji ýylyň soňky çärýeginde “Crew Dragon” kosmos gämisi bilen kosmosa çykarlar.

Kompaniýanyň beren beýanatyna görä, uçuşyň Florida ştatynyň Kennedi kosmos stansiýasyndan amala aşyryljakdygy we “Shift4 Payments” kompaniýasynyň uly dolandyryjysy Jared Isakman we saýlanjak 3 adamyň kosmosa iberiljekdigi mälim edildi.

Beýanatda kosmosa çykjak beýleki 3 adamyň adynyň ýakyn hepdelerde yglan ediljekdigi we olara “SpaceX” kompaniýasy tarapyndan täjirçilik kosmonawt täliminiň beriljekdigi mälim edildi.

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

 

Related posts

Hemişe onlaýn: «TELECOMWIFI» we «TM CELL»-iň amatly internet teklipleri

Ýylyň iň gowy smartfony

Hytaý kompaniýalary “Apple”-den ozdurdy